Gyrgyz häkimiýetleri 10 ýyl gowrak mundan ozal oppozisiýa syýasatçysy Medet Sadyrkulowyň janyna kast edilmeginde güman edilýän bir adamy tussag edendiklerini aýdýarlar. Polisiýa bu işi “syýasy kast ediş” hökmünde häsiýetlendirýär.
Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Ernis Osmonbaýewiň 30-njy noýabrda Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, 41 ýaşly Sanjar Saparbekow diýlip tanadylan adam hepdäniň ahyrynda tussag edildi.
Saparbekow Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň ogly Maksim Bakyýewiň çagalyk dostydy we, ministrligiň maglumatyna görä, 10 ýyl bäri gözlenýänleriň sanawda saklanýardy.
Sadyrkulow we onuň iki ýoldaşy 2009-njy ýylyň mart aýynda Bişkek şäheriniň golaýynda otlanan awtoulagda öli tapyldy. Bu adamlaryň ölümi başda ýol hadysasynyň netijesi hasaplandy.
Prezident Bakyýew 2010-njy ýylyň aprelinde paýtagtda hökümete garşy geçirilen köpçülikleýin demonstrasiýalardan soň ýurtdan gaçdy we, bu iş gaýtadan açylyp, kast ediş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirildi.
Bişkek kazyýeti 2012-nji ýylda öňki prezident Kurmanbek Bakyýewi we onuň dogany Janyşy gaýybana adam öldürmäge gatnaşmakda günäkärledi we degişlilikde 24 ýyl azatlykdan mahrum etdi.