Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Lukaşenkany "Orsýetiň oýnatgysy" atlandyrdy


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Wiktoriýa Nuland

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Wiktoriýa Nuland Aleksandr Lukaşenkany "Moskwanyň gurjagy" diýip atlandyrdy. Waşingtonda ol Belarusyň kanuny prezidenti hökmünde ykrar edilmeýär.

Nuland bu sözleri Lukaşenkanyň biraz öň Orsýetiň “Nowosti” habar gullugyna beren interwýusynda Krym barada aýdan zatlaryna düşündiriş berende aýtdy.

Belarus lideri “Nowosti” bilen söhbetdeşlik wagtynda anneksiýa edilen Krym barada söz açyp, ony diňe bir de-fakto däl, eýsem de-ýure hem Russiýanyň topragy hasaplaýandygyny aýtdy.

Nuland çarşenbe güni Kiýewde onlaýn arkaly geçirilen howpsuzlyk forumynda çykyş etdi. Onuň çykyşy dolulygynda Azatlygyň Belarus gullugy tarapyndan çap edildi.

“Bizi Russiýa Krymy basyp alandan soň bitarap bolmak kararyna gelen Lukaşenka hem az alada goýmaýar. Indi bolsa ol Russiýanyň gurjagy hökmünde has aňry gitdi we Kryma sapar edip, öz döwletiniň statusyny üýtgetmekçi bolýar. Onuň Belarusy Moskwanyň gujagyna itekleýändigine, diňe bir demokratik ösüşden ýüz öwürmän, ýagdaýy hasam agyrlaşdyrýandygyna bizde hiç bir şübhe ýok” diýip, Nuland aýtdy.

Şeýle-de, ol Belarusdaky ýagdaýy bu ýurduň öz liderlerini azat we adalatly saýlawlar arkaly saýlamagy tapal edýän raýatlary üçin "betbagtçylyk” atlandyrdy.

Nulandyň sşzlerine görä, ABŞ bilen ÝB Lukaşenka režimine garşy giriziljek sanksiýalary maslahatlaşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG