Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan saglyk eksperti: Omikronyň Deltadan has ýeňil bolmagy mümkin


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Deslapky maglumatlar Omikron ştammynyň Delta ştammyna garanda has ýeňil alamatlara sebäp bolup bilýändigini görkezýär diýip, ABŞ-nyň saglyk resmileri aýdýarlar.

5-nji dekabrda Ak tamyň saglyk boýunça baş maslahatçysy Antoni Fauçi Omikronyň täsirini anyklamak üçin alymlara has köp wagt we maglumat gerek diýdi.

Ilkinji Omikron hadysasy tapylan we bu ştammyň çalt ýaýraýan ýurdy bolan Günorta Afrikadan gowuşýan maglumatlara görä, wirusyň bu görnüşi öňki ştammlar bilen deňeşdirilende has ýeňil simptomlara ýol açýan bolmagy mümkin.

Omikronyň Deltadan has ýokançlydygyna ynanylýar, ýöne alymlar bu ştammyň waksina goragyndan sowlup geçmekde nä derejede täsirlidigini anyklamaga çalyşýarlar.

Täze ştam şu wagta çenli onlarça ýurtda anyklandy, ýöne Ýewropadaky we Demirgazyk Amerikadyky ýokançlyklara esasan delta sebäp bolýar.

Omikron Deltadan has howpsuz hem bolsa, bu problema bolmagynda galýar diýip, BSG-niň epidemiology Mariýa Wan Kerhowe CBS habar kanalyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG