Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barlaglar sanjymlary garmagyň immuniteti güýçlendirýändigini görkezýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Britaniýada geçirilen iri bir barlag COVID-19 waksinalaryny garmagyň adamlaryň kesele garşy immunitetini güýçlendirýändigini görkezýär. Birinji doza hökmünde AstraZeneca ýa-da Pfizer/BioNTech sanjymlaryny kabul eden, dokuz hepde töweregi soň bolsa Moderna sanjymyny alan adamlarda bu şeýle bolupdyr.

“Biz hakykatdan hem immunitetiň gowy jogap gaýtarýandygyny tapdyk... aslynda iki Oksford-AstraZeneca sanjym dozalarynyň başdaky netijelerinden hem ýokary” diýip, barlaglara gatnaşan Oksford professory Metýu Sneýp (Matthew Snape) 6-njy dekabrda Roýterse gürrüň berdi.

Ol barlag netijeleriniň hususan-da garyp ýurtlar üçin oňyn habar bolup biljekdigini aýtdy. Sebäbi, olar haçan-da özlerine üpjün edilen dozalaryň birden-biri gutarsa başga-başga waksinalary garmaga mejbur bolup bilerler.

“Meniň pikirimçe bu barlagyň netijeleri hususan-da pes we orta girdejili ýurtlar üçin gyzykly bolup biler. Ol ýurtlarda henizem birinji we ikinji doza sanjymlar urulýar” diýip, Sneýp aýtdy.

XS
SM
MD
LG