Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylarynyň we Birmanyň harby huntasynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi baradaky kararyny näbelli möhlete çenli yza süýşürdi.
Baş Assambleýanyň 6-njy dekabrda ses bermezden konsensus esasynda kabul eden çözgüdine görä, öňümizdäki azyndan 10 aýyň dowamynda ykrarnamalar babatda hiç hili karar kabul edilmez.
Bir hepde mundan ozal, Şahadatnamalar baradaky komitet BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisindäki Birma we Owganystan wekilleriniň şahadatnamalary baradaky kararyň yza süýşürilmegini maslahat berdi. Baş Assambleýanyň häzirki sessiýasynyň möhleti 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlanar.
Öňki we täze režimler Owganystan we Birma üçin akkreditasiýa babatda biri-biri bilen bäsleşip, BMG-a ýüz tutdular.
Awgustyň ortalarynda Owganystanda häkimiýeti ele geçiren “Talyban” hökümeti hiç bir ýurt tarapyndan, ýa-da BMG- tarapyndan ykrar edilmeýär.
Owganystanyň täze dolandyryjylary adam hukuklarynyň bozulmagy we aýallara bilim almak, işlemek hem-de syýasy işlere gatnaşmak hukugynyň berilmezligi babatda berk halkara basyşlara sezewar bolýar.