Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainada täze uruş howpunyň arasynda Baýden, Putin gepleşik geçirýär


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde)

Russiýanyň Ukraina serhedine goşun toplamagy, sebitde NATO-nyň geljegi we Russiýanyň howpsuzlyk talaplary boýunça barha ýokarlanýan dartgynlylygyň arasynda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we onuň rus kärdeşi Wladimir Putin gepleşikleriň dartgynly tapgyryny geçirer.

7-nji dekabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän duşuşyk bilen iki lider Baýdeniň ýanwar aýynda ABŞ prezidenti wezipesine girişmeginden bäri ikinji gezek ikiçäk duşuşýar. Waşington Russiýanyň Ukraina çozmak ähtimallygynyň öňüni almagy maksat edinýär, Kreml öňki sowet respublikasynyň asla NATO agzasy bolmazlygy üçin kepillik gözleýär.

ABŞ administrasiýasynyň ýokary derejeli bir resmisi 6-njy dekabrda žurnalistlere beren gürrüňinde Baýdeniň Kreml eger Ukraina çozmak kararyna gelse, munuň üçin rus ykdysadyýetiniň “takyk we örän anyk baha tölejekdigini” Putine anyk düşündirjekdigini aýtdy, ýöne şol bir wagtda “diplomatiýa babatda täsirli ýoluň bardygyny” nygtady.

Baýdeniň Putin bilen geçirýän wideo maslahatynyň öň ýany, Baýden we Britaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň hem-de Germaniýanyň liderleri Ukrainanyň territorial bitewiligine we özygtyýarlylygyna goldaw beýan etdiler. Şeýle-de, olar Russiýany dartgynlylygy gowşatmaga çagyrdylar.

Ukraina resmileri 90 müňden gowrak rus esgeriniň serhede, şol sanda 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan güýç bilen ele geçirilen Krym ýarymadasyna ýerleşdirilendigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG