Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystana ýene bir gezek ynsanperwer ýardam iberýär


Uruşdan ejir çeken owgan halkynyň gumanitar betbagtçylyga duçar bolmagyndan gorkulýar.
Uruşdan ejir çeken owgan halkynyň gumanitar betbagtçylyga duçar bolmagyndan gorkulýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýakyn wagtlarda Owganystana ýene bir gezek ynsanperwer ýardam ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada 3-nji dekabrda türkmen hökümetiniň geçiren giňişleýin mejlisinde maslahat edildi.

Türkmen metbugatyna görä, anna güni Türkmenistanyň hökümeti giňişleýin mejlis geçirdi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri, hökümet başlygynyň orunbasary Raşid Meredow hasabat bilen çykyş etdi.

Hasabatyň yz ýany, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtlarda Owganystanyň halkyna ynsanperwer ýardam iberilmegini tabşyryk berdi.

Awgustyň ortalarynda “Talybanyň” Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden soňra, halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy gyşyň öň ýany owgan halkyna abanýan gumanitar betbagtçylyk barada duýdurdylar.

“Talyban” hökümeti henize çenli dünýäniň hiç bir ýurdy tarapyndan, galyberse-de, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmedi. Topar halkara guramalar tarapyndan ýurtda ynsan hukuklaryny depelemekde, şol sanda aýallary bilim almak, işlemek we syýasy işlere gatnaşmakdan mahrum etmekde tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG