Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuriý Dud Russiýada adamlaryň näme üçin gynalýandygy barada film döretdi


Ýuriý Dud, ortada.
Ýuriý Dud, ortada.

Meşhur rus žurnalisti, “wDud” YouTube kanalynda millionlarça tomaşaçysy bolan Ýuriý Dud Russiýadaky adam gynamalary barada film döretdi.

Dudyň sözlerine görä, täze filmiň döredilmegine esasan ýakynda tussaglaryň rehimsiz gynamalara sezewar edilişi, ýenjilişi we zorluga sezewar boluşlary barada Federal jeza çäresiniň edaralarynda düşürilen wideolaryň arhiwiniň syzyp çykmagy we çap edilmegi itergi berdi.

Filmiň awtory tussaglaryň kemsidilişini görkezýän wideonyň çap edilmeginiň Orsýetde o diýen uly jemgyýetçilik seslenmesini döretmändigini, sebäbi bu ýurtda köp adamyň "türmede oturanlara duýgudaşlyk ederden daşdygyny” belledi. Emma, Dudyň pikiriçe, ýurtda dowam edýän gynamalar hatda "hiç wagt türmede oturmadyk, kanun bilen baglanyşykly hiç bir meselesi bolmadyk adamlara hem wehim salyp biler”.

"Russiýada siz gündizlerine işiňiz bilen meşgullanyp bilersiňiz, emma agşam polisiýa bölüminde oturgyja daňylga hala düşüp, irden etmedik jenaýatyňyzy boýun hem alyp bilersiňiz" diýip, žurnalist aýtdy.


XS
SM
MD
LG