Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nobel baýragynyň ýeňijisi demokratiýada žurnalistikanyň wajyp roluny nygtaýar


2021-nji ýyl üçin Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň egindeş ýeňijisi Dmitri Muratow

Awtoritar liderler parahatçylyga howp abandyryp, medianyň we demokratik institutlaryň gymmatyny pese gaçyrýarlar diýip, Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň egindeş ýeňijisi Dmitri Muratow norweg paýtagtynda geçirilýän ýeňijileri sylaglamak dabarasynyň öňüsyrasynda aýtdy.

Garaşsyz “Nowaýa gazeta” rus neşiriniň baş redaktory Muratow we filippinleriň “Rappler” habar web-saýtynyň žurnalisti Maria Ressa “demokratiýanyň we dowamly parahatçylygyň şerti bolan pikir azatlygyny goramakda bitiren tagallalary üçin” sylaglanýar diýip, Norwegiýanyň Nobel komiteti oktýabrda ýeňijileri mälim edende aýtdy.

“Demokratiýa ynamyň ýoklugy diýmeklik, wagtyň geçmegi bilen adamlaryň demokratiýadan ýüz öwürmegi diýmeklikdir. Onsoň, diktator döreýär. Diktatorlar urşa alyp barýar” diýip, Muratow Osloda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.

Käbir häkimiýetler we hökümetler “žurnalistika däl-de, ýalan-ýaşryga maýa goýýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Bu baýragyň ähli žurnalistler jemgyýetine bagyşlanýandygyny bilýärin. Biz häzir kyn döwürleri başdan geçirýäris” diýip, Muratow aýtdy.

“Nowaýa gazeta” Russiýanyň az sanly garaşsyz media serişdeleriniň biri bolup, ol 1993-nji ýylda esaslandyrylaly bäri, gazetiň alty žurnalisti, şol sanda Russiýada iri korrupsiýa hadysalary we Çeçenistan demirgazyk kawkaz respublikasyndaky hukuk kemsitmeler barada habar beren Anna Politkowskaýa öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG