Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokardan aýdyldy. Bahalar arzanladylyp, bazarda 'bolçulyk oýny' oýnalýar


Bazar görnüşi
Bazar görnüşi

Ýerli häkimiýetler nyrhlaryň peseldilmegini talap edýärler, häkimlik we polisiýa işgärleri azyk harytlarynyň, gök önümleriň satylýan bazarlaryna reýd geçirýärler diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy habar berýär. Nyrhlaryň peseldilmegi baradaky talap, adatça bolşy ýaly, baýramçylyklar we ýokardan berlen buýruk bilen düşündirilýär.

Türkmen prezidenti bu ýylky baýramçylyklaryň öňünden hem ‘bazarlarda azyk bolçulygyny’ döretmek tabşyrygyny gaýtalady we, görnüşinden, bu tabşyryk bazarlara çykarylýan önümleriň möçberini artdyrmak esasynda däl-de, bar bolan hatyrlaryň bahalaryna edilýän gözegçiligi güýçlendirmek bilen, önüm öndürijileriň we bazarçylaryň hasabyna berjaý edilýär.

Habarçy geçiriljek barlaglaryň bazar ýolbaşçylaryna öňünden duýdurylýandygyny aýdýar. Bazar ýolbaşçylary bolsa, öz gezeklerinde, satyjylara ‘taýyn bolmalydygyny’ aýdýar.

Onuň sözlerine görä, barlagçylaryň aýlanýan wagtynda tekjelerde goýlan harytlaryň nyrhlary has arzanladylýar. Mysal üçin, barlagçylaryň geljek wagty duýdurylan we taýyn bolup oturan satyjylar etiň bahasyny 30-40 manada çenli arzanladýarlar.

Mundan başga, soňky iki günde, belki-de, şu hepde dollaryň gara bazar nyrhlarynyň peselmegi netijesinde, käbir harytlaryň nyrhlarynyň üýtgedilendigi habar berilýär.

Her gün diýen ýaly tekjelerdäki harytlarynyň nyrhlaryny üýtgetmeli bolýan satyjylar dollaryň gara bazar nyrhlarynyň belli bir derejede saklanmagyny isleýärler.

“Günde diýen ýaly kursuň üýtgäp durmagy söwda gaty zyýan berýär” diýip, ýerli telekeçi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Bazarlarda häzir göle etiniň bahasy 59-60 manada çenli aşaklady, ýöne bu diňe dollaryň gazar bazar nyrhynyň peselmegi bilen bagly däl diýip, obada mal saklaýan ýaşaýjylaryň biri öz pikirini paýlaşdy.

Onuň sözlerine görä, et önümleriniň bahalarynyň arzanlamagy meýdandaky ot ýagdaýy bilen bagly.

“Mal eýeleri häzir gyşdan çykmajak mallaryny öldürip, halka satmaga çalyşýarlar. Emma ilatda hem pul ýok. Şu sebäpden eti üleşige giren adamlara birnäçe aýa bölüp bermek usuly hem tapyldy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hususy telekeçi aýtdy.

Habarçy bazarlara aýlanyp, baýramçylygyň öň ýanyndaky nyrhlary hem habar berdi.

Onuň sözlerine görä, üwelen göle etiniň 1 kg 65 manat, günebakar ýagynyň 1 litri 43-45 manat bahalanýar.

Bazarlarda günebakar ýagynyň bary-ýogy birki görnüşi bar, saýlap alar ýaly mümkinçilik ýok; pagta ýagy gizlin satylýar, onuň 1,5 litri 40 manat diýip, habarçy aýtdy.

Bu ýyl Türkmenistanda howa sowuk bolup, ir ekilen kartoşkalary sowuk aldy. Häzir bazarda 1 kg kartoşka 10 manat, 1 kg sogan 4 manat, 1 kg pomidor 7 manat, 1 kg hyýar 18 manat, 1 kg gyzyl şugundyr 5 manat, 1 kg greçka 42 manat, 1 kg bürünç hiline görä 10- 20 manat aralygynda bahalanýar.

Habarçy ýönekeý halkyň bahalaryň mundan hem arzanlamagyny isleýändigini, sebäbi her ýyl diňe bir baýramçylygy – Täze ýyly baýram etmäge çalyşýan adamlaryň şol gün saçak bezäp, çagalary bilen dürli tagamlary iýjek bolýandyklaryny, geljek ýylyň ygally bolmagyna garaşýandyklaryny aýtdy.

Emma synçylar ýylyň ygally gelmeginiň uly bir üýtgeşiklik döretmejekdigini, ýurtdaky ykdysady syýasatyň üýtgedilmelidigini belleýärler.

Işiginde öküz bakyp, her ýylyň aýagynda bazara et çykarýan 60 ýaşly Sanjaryň (ady üýtgeldildi) sözlerine görä, hökümetiň wagtlaýyn çäreleri hakykatda bolçulygyň döremegine, ilatyň baýramçylyk saçaklaryny kişä minnetsiz bezäp bilmegine bökdençlik döredýär.

“Eger men öz hasabyma, öz güýjüm bilen önüm öndüren bolsam, näme üçin ony bazaryň göterýän nyrhyndan däl-de, häkimligiň işgärleriniň kesgitlän nyrhyndan satmaly? Olar maňa ot-iým berdimi, ýa men şäherde asfalt köçede aýakgabyny palçyk etmän ýören adamlar üçin suwly ýaplara girip, gamyş ýygýarynmy? Häkimiýetleriň bu edýän işleri tutuş halka zyýan, wagtlaýyn çärelerden el çekmeli, adamlara erk bermeli” diýip, Sanjar Azatlyk radiosyna aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG