Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Talyban' etniki türkmenleri öýlerinden zor bilen göçürmekde aýyplanýar


Illýustrasiýa suraty. Jöwüzjan welaýaty. Owganystan.

Türkmenistanyň günorta-gündogar goňşusy Owganystanda awgustyň ortasynda häkimiýeti ele geçiren “Talyban” etniki azlyklary, şol sanda etniki türkmenleri we özbekleri zor bilen öýlerinden göçürmekde tankyt edilýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Demirgazyk Owganystanda “Talybanyň” etniki türkmenleri we özbekleri öýlerinden zor bilen göçürmekde aýyplanmagyndan söhbet açýar.

Gepleşigimiziň dowamynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň “Talyban Demirgazyk Owganystanda etniki özbekleri we türkmenleri öýlerinden zor bilen göçürmekde aýyplanýar atly makalasyny eşitdirýäris.

Şeýle-de, gepleşigimiziň ahyrynda “Talybanyň” şaýy hazaralary yzarlamagy, olaryň öýlerinden zor bilen çykarylmagy baradaky maglumaty hem eşitdireris.

Programmany diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň!

'Talyban' etniki türkmenleri öýlerinden zor bilen göçürmekde aýyplanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

"Talyban" Demirgazyk Owganystanda etniki özbekleri we türkmenleri öýlerinden zor bilen göçürmekde aýyplanýar

“Talyban” Demirgazyk Owganystanda 1,000-den gowrak adamy öýlerinden zor bilen göçürmäge ýardam bermekde aýyplanýar. Bu zorluk çäreleri etniki özbekleri we türkmenleri nyşana alýar.

Demirgazyk Jöwüzjan welaýatynda ýaşaýan etniki özbekler we türkmenler puştun ilatynyň esasan puştunlardan düzülen “Talyban” toparynyň ýardam bermeginde öz öýlerini we ýerlerini ele geçirendigini öňe sürýärler.

Bu zor bilen göçürmeler, jeňçi topar Owganystanda awgustda häkimiýeti ele geçireli bäri, “Talyban” söweşijileriniň bäş welaýatda ýüzlerçe şaýy hazarany öýlerinden we daýhan hojalyklaryndan çykaryp kowmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar “Talybanyň” ýerli ýaşaýjylary zor bilen bir ýerden başga ýere göçürmegi onuň ýer böleklerini öz goldawçylaryna paýlamak hem-de öňki hökümeti goldan adamlary uçdantutma jezalandyrmak synanyşygy” diýýärler.

Abdullah özüniň Jöwüzjanyň çetki etraplarynyň biri bolan Derzapda zor bilen göçürilen adamlaryň hataryndandygyny aýdýar.

Ol puştun çarwalarynyň “Talyban” söweşijileri bilen bilelikde gelip, Jöwüzjanda biri-birine goňşy bolan Derzap we Guşdepe etraplarynda 1,000-den gowrak etniki özbegi we türkmeni öz ýaşaýyş jaýlaryndan we daýhan hojalyklaryndan mejbury çykarandygyny aýdýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli hakyky adynyň agzalmazlygyny soran Abdullah Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren gürrüňinde adamlaryň ýer bölekleriniň zor bilen ellerinden alynmagy bilen bagly ýagdaýy derňemek üçin “Talybanyň” welaýat häkimiýetleriniň ýörite topar iberendigini aýdýar. Ýöne ol ýörite toparyň 8-nji dekabra çenli heniz hem agzalýan etraplara barmandygyny aýdýar.

“Bu ýer bölekleri ýüzlerçe ýyl bäri biziň eýeçiligimizdedi” diýip, ol aýdýar. “Biz bu ýerlerde ekin ekýärdik, olar bize degişlidir” diýip, Abdullah sözüniň üstüni ýetirýär.

Guşdepe etrabynyň ýaşaýjysy Faýzulla özlerine degişli 8 müň gektardan gowrak ýeriň “Talybanyň” kömegi bilen puştun çarwalary tarapyndan ele geçirilendigini aýdýar.

Daikun welaýatynyň Gizab etrabynda ýüzlerçe mazşgala "Talyban" tarapyndan öýlerinden zor bilen göçürildi.
Daikun welaýatynyň Gizab etrabynda ýüzlerçe mazşgala "Talyban" tarapyndan öýlerinden zor bilen göçürildi.

“Hiç kim garşy gidip bilmeýär” diýip, ol aýdýar. “Eger biz ses çykarsak, bizi öldürerler” diýip, Faýzulla sözüniň üstüni ýetirýär.

Jöwüzjandaky puştun çarwalarynyň bir wekili Gulam Sarwar Alizai ýer eýeçiliginiň köplenç gümürtikdigini, sebäbi dawaly emläkleriň hökümetiň eýeçiligindäki ýer böleklerinde ýerleşýändigini aýdýar.

Ol çarwalaryň tas ýigrimi ýyl bäri özlerine gadagan edilen öri meýdanlara gaýdyp barmak isleýändiklerini aýdýar.

“Biziň käbir özbek we türkmen doganlarymyz ýerleriň hökümetiň eýeçiligindedigini ykrar edýärler, ýöne olar hasylsyz topraklardan hasyl almak üçin köp zähmet çekdiler” diýip, Alizai Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gürrüň berdi. “Her tarapdan bäş adamyň gatnaşmagynda düzülen taýpa geňeşi çözgüt tapmak üçin iň amatly şert bolardy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Talyban” Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň kommentariý sorap eden jaňlaryna we ýazan hatlaryna jogap bermedi.

Ýöne 29-njy noýabrda BBC kanalyna beren interwýusynda “Talybanyň” metbugat sekretary Bilal Karimi Jöwüzjanda adamlaryň öz ýaşaýan ýerlerinden zor bilen göçürilendigini ret etdi.

“Olar ýaly zat bolmady. Guşdepede ýagdaýlar asuda” diýip, ol aýtdy we häkimiýetleriň bu meseläni derňeýändiklerini hem-de hiç kime ýa-da hiç bir topara hiç kimiň emlägini zor bilen almaga ýol berilmejekdigini aýtdy.

Kollektiwleýin jeza

“Talyban” özüni hakykatdan-da milli hereket hökmünde görkezmäge synanyşsa-da, onuň garşydaşlary “Talybany” köplenç diňe etniki puştun toparynyň bähbitlerine hyzmat etmekde aýyplaýarlar. “Talyban” liderleriniň hem-de söweşijileriniň aglabasy puştunlardyr.

Owganystanyň dürli etniki toparlarynyň anyk sany barada takyk maglumat ýok. Munuň hem esasy sebäbi: Owganystanda ilat ýazuwy asla dürs geçirilmedi. 1970-nji ýyllarda geçirilen iň soňky ilat ýazuwy synanyşygy asla tamamlanmady. Ilat ýazuwyny geçirmek barada gaýta-gaýta edilen çagyryşlar hiç haçan durmuşa geçirilmedi.

1970-nji ýyllarda geçirilen dawaly ilat ýazuwynyň nusgalary ýurduň ilatynyň 40 göterimden gowragynyň puştunlardan, 30 göterimden azyragynyň etniki täjiklerden, 10 göterim töwereginiň bolsa hazaralardan we özbeklerden düzülendigini çaklaýar. Beýleki kiçi-girim azlyklar ilatyň galan bölegini emele getirýär.

“Talyban” häkimiýeti täzeden ele geçireli bäri, ýurt boýunça müňlerçe adamy zor bilen öýlerinden göçürmekde aýyplanýar.

“Talyban” oktýabrda günorta Helmand welaýatynda we demirgazyk Balh welaýatynda ýüzlerçe hazara maşgalany zor bilen öýlerinden göçürdi.

Ýaragly "Talyban" agzalary Owganystanyň Uruzgan welaýatynda tälim-türgenleşige gatnaşýar. 3-nji dekabr, 2021 ý.
Ýaragly "Talyban" agzalary Owganystanyň Uruzgan welaýatynda tälim-türgenleşige gatnaşýar. 3-nji dekabr, 2021 ý.

Sentýabryň ahyrlarynda Daikundi welaýatynda 700 töweregi hazara “Talyban” tarapyndan zor bilen öýlerinden göçürildi. Hazaralary göçürmek bilen “Talyban” ýer böleklerini “hakyky eýelerine gowşurmak barada “Talyban” kazyýetiniň çykaran kararynyň” berjaý edilýändigini aýtdy.

Diňe bir puştun bolmadyk toparlar öýlerinden göçürilmedi. “Talyban” günorta Gandahar welaýatynda öz puştunlaryny hem öýlerinden göçürdi. Zor bilen göçürmeler öňki hökümetde ýa-da ýaragly güýçlerde gulluk eden adamlary nyşana aldy.

“Talyban adamlary zor bilen göçürmegi bes etmeli we ýer dawalaryny kanun esasynda adalatly çözmeli” diýip, Human Rights Watch (HRW) guramasynyň Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Patrisiýa Gossman (Patricia Gossman) Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Gossman Demirgazyk Owganystanda adamlaryň kollektiwleýin jezalandyrylmagynyň we olaryň zor bilen öýlerinden göçürilmeginiň taryhynyň aňyrdan gaýdýandygyny aýtdy.

Ol 2001-nji ýylda “Talyban” režimi ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler tarapyndan häkimiýetden agdarylandan soňra, ABŞ goldawly Demirgazyk ýaranlygyň “ýerli puştunlary zor bilen öýlerinden göçürendigini” aýtdy.

1996-2001-nji ýyllar aralygynda “Talyban” dolandyryşyna garşy çykan toparlaryň koalisiýasy bolan öňki Demirgazyk ýaranlyk esasan täjiklerden, özbeklerden we hazaralardan ybaratdy.

Demirgazyk ýaranlykdan ozal, “Talyban beýleki toparlary zor bilen öýlerinden göçürdi” diýip, Gossman sözüniň üstüni ýetirdi.

“Meýdan komandirleriniň we güýçli adamlaryň, şol sanda olardan administrasiýadakylaryň we parlamentdäkileriň häkimiýeti sebäpli 2001-nji ýyldan soň ýer eýeçilik ulgamyny reforma etmek tagallalary başa barmady” diýip, ol aýtdy.

Demirgazyk Owganystandaky ýer dawalarynyň köpüsi XIX asyrda puştunlaryň zor bilen ýa-da meýletin sebite göçürilip getirilmeginden miras galdy.

1880-nji ýyllardan başlap, özi günortaly puştun bolan owgan şasy Abdyrahman han gündogar Owganystanda birek-birek bilen oňuşmaýan puştun kowumlaryndan müňlerçe adamy demirgazyk Owganystana zor bilen göçürip getirdi. Olar gelmezden ozal, Demirgazyk Owganystanda puştunlar san taýdan örän azdy. Göçüp baran puştunlara köplenç mugt ýer berildi we olar salgytdan azat edildi. XX asyrda puştunlar Demirgazyk Owganystana meýletin hem göçüp bardy.

“Zor bilen göçürilenlere-de, meýletin baranlara-da merkezi hökümet tarapynda ýer bölünip berildi. Bu ýagdaý kowumlaryň arasynda dartgynlyklara sebäp boldy we munuň netijesinde adamlar oba hojalyk ýerlerinden we öri meýdanlardan mahrum boldular” diýip, HRW-niň 2002-nji ýylda çap eden hasabaty aýdýar.

XIX we XX asyrlarda Demirgazyk Owganystana Merkezi Aziýadan hem bosgunlar bardy. Olaryň köpüsi Patyşa Russiýasynyň çozuşlaryndan hem-de Sowet Soýuzynyň peýda bolmagyndan gaçyp Demirgazyk Owganystana göçüp bardylar.

Bellik: Hormatly okyjylar siz Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň “Talyban” Demirgazyk Owganystanda etniki özbekleri we türkmenleri öýlerinden zor bilen göçürmekde aýyplanýar” atly makalasy bilen tanyş bolduňyz!

"Talyban" häkimiýeti ele geçirmezden ozal, uruşlar sebäpli Jöwüzjan welaýatynyň Derzap we Guşdepe etraplaryndan gaçyp, içerki bosgunlyga sezewar bolan owgan raýatlary. 31-nji dekabr, 2017. Arhiw suraty.
"Talyban" häkimiýeti ele geçirmezden ozal, uruşlar sebäpli Jöwüzjan welaýatynyň Derzap we Guşdepe etraplaryndan gaçyp, içerki bosgunlyga sezewar bolan owgan raýatlary. 31-nji dekabr, 2017. Arhiw suraty.

Şaýy hazaralaryň yzarlanmagy

Azatlyk Radiosynyň “Gandara” neşiri 29-njy noýabrda Owganystanda özleriniň ýaşaýyş jaýlaryndan zor bilen göçürilen hazaralaryň duçar bolýan kynçylyklary barada hem bir wideo maglumat çap etdi.

Aglabasy şaýy musulmanlardan ybarat etniki hazaralar “Talyban” režiminiň golastynda özleriniň yzarlamalara sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar. Daikundi we Uruzgan welaýatlaryndan Kabula gaçyp baran hazara maşgalalar özlerini “Talyban” resmileriniň gijäň ýary öýlerinden çykaryp kowandygyny, şeýle-de emläklerini we hasyllaryny ellerinden alandygyny aýdýarlar. Olaryň käbirleri hazara jaýlarynyň we ýerleriniň “Talyban” goldawçylaryna geçirilendigini aýdýarlar.

“Gandara” neşiriniň çap eden wideosynda zor bilen öýlerinden göçürilen hazaralar özleriniň duçar bolan kynçylyklaryny gürrüň berýärler.

Kabula ýerleşen bir hazara erkek adam iki aý töweregi mundan ozal özüniň we maşgalasynyň zorluk howpy astynda öýüni terk edendigini aýdýar.

“Men Daikundi welaýatyndan. “Talyban” häkimiýeti ele geçirenden soň, bir gije bir topar adam biziň öýümize gelip, biziň öz öýümizi terk etmelidigimizi aýtdy. Men “Biz nädip terk edeli?” diýip, soradym. Olar meniň kimdir biriniň ýerini alandygymy aýtdylar, we biz terk etmeli bolduk. Men “biz gijäň ýary nirä gideli, iň bolmanda jahan ýagtylýança bize möhlet beriň” diýdim. Olar “ýok” diýdiler. Şol gije gitmeli diýdiler. Olar daşarda garaşdylar we biziň öz goşlarymyzy ýanymyz bilen almagymyza-da rugsat bermediler” diýip, ol aýtdy.

Gandaranyň wideosynda öýüni terk edýän adamlar ýa-da öýlerinden göçürilensoň, çadyrlara ýerleşen adamlar görkezilýär.

Beýleki bir sahnada bir hazara öýüniň partladylyşy görkezilýär.

Daikundi welaýatyndan bolan beýleki bir hazara öz liderleriniň “Talyban” tarapyndan tussag edilendigini aýdýar.

“Olar biziň wekillerimizi 15-20 günläp tussag astyna aldylar. Talyban söweşijileri gije wagty harby güýçler bilen biziň öýlerimize geldiler. Aýallar we çagalar örän gorkdy. Olar bize haýbat atyp, biziň terk etmelidigimizi aýtdylar. Bizi gijäň ýary öýümizden çykaryp kowdular we biz daşarda ýaşamaly bolduk. Olar biziň ähli zatlarymyzy aldylar: bugdaýlarymyzy we beýleki hasyllarymyzy aldylar” diýip, ol aýtdy.

Esasan şaýy musulmanlardan bolan hazaralar öňki “Talyban” režiminiň dolandyryşy astynda hem yzarlamalara sezewar boldy.

“Talyban” awgustda Kabulda häkimiýeti ele geçireli bäri hazara azlyklarynyň hukuklarynyň kemsidilmegi barada habarlar gowuşýar.

“Amnesty International” “Talybanyň” oktýabrda Daikundi welaýatynda aglabasy öňki harbylardan bolan 13 hazarany öldürendigini habar berdi.

Ýöne bir “Talyban” resmisi, munuň yz ýany, hazaralaryň yzarlanýandygy baradaky habarlary ret etdi.

Owganystanda ýigrimi ýyl töweregi dowam eden uruşdan soň, 2018-nji ýylda “Talyban” we ABŞ ylalaşyk baglaşdy, munuň yz ýany 2021-nji ýylyň awgustynda ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara harby güýçler Owganystandan çekildi. Bu aralykda, awgustyň ortasynda “Talyban” Kabulda häkimiýeti ele geçirdi, öňki prezident Aşraf Gani, öz sözlerine görä, gandöküşikligiň öňüni almak üçin, ýurdy terk etdi.

“Talyban” sentýabrda öz hökümetini yglan etdi, ýöne dünýäniň hiç bir ýurdy, galyberse-de, Birleşen Milletler Guramasy şu wagta çenli ony ykrar etmedi.

Bu aralykda, “Talyban” ýurtda ynsan hukuklaryny, hususan-da aýallaryň hukuklaryny kemsitmekde, aýal-gyzlary bilim almak, işlemek we syýasy işlere gatnaşmak hukugyndan mahrum etmekde tankyt edilýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG