Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Sinjiaňdaky repressiýalar bilen bagly täze sanksiýalary girizdi


ABŞ. Uýgur protestçileri

Birleşen Ştatlar adamlary ýüz keşplerinden tanamak boýunça programma üpjünçiligini işläp düzen hytaý kompaniýasyna we Sinjiaň sebitiniň iki agzasyna, etniki uýgurlara garşy, bu sebitdäki repressiýalara dahylly bolmakda aýyplap, maliýe sanksiýalaryny we beýleki çäklendirmeleri girizdi.

10-njy dekabrda yglan edilen çäreler 2018-2021-nji ýyllarda Sinjiaň uýgur awtonom sebitiniň başlygy bolan Şöhrat Zakiriň we bu wezipäni häzir ýerine ýetirýän, ozal başlygyň orunbasary bolup işlän Erken Tuniýazyň garşysyna girizilen ABŞ syýahat gadaganlygyny hem öz içine alýar.

ABŞ-nyň Gazna departamentiniň beýanatynda aýdylmagyna görä, Zakir we Tuniýaz bir milliondan gowrak ýerli ilatyň, esasanam musulman azlygyna girýän etniki toparlaryň tussag edilmegine sebäp bolan repressiw assimilýasiýa kampaniýasyna ýolbaşçylyk etdiler.

Hususan-da bu sebitde ýaşaýan uýgurlar, gazaklar, gyrgyzlar we beýlekiler dowamly basyş astynda saklanýar diýip, hukuk toparlarynyň hasabatlarynda aýdylýar.

Şeýle-de, Gazna departamenti “SenseTime Group” emeli intellekt kompaniýasyna garşy maýa goýum çäklendirmelerini girizdi. Bu kompaniýanyň adamlary ýüz keşplerinden tanamak boýunça döreden programma üpjünçiligi häkimiýetler tarapyndan Sinjiaň sebitiniň adamlaryny tanamak we gözegçilikde saklamak üçin ulanylandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG