Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19-yň täze görnüşiniň agyr bolmajagy baradaky global umytlar bilen, Türkiýe omikron sanawyna goşuldy

Bezeg suraty
Bezeg suraty


Türkiýe 12-nji dekabrda täze omikron warianty tassyklanan ilkinji alty hadysany yglan etdi, ýöne koronawirusyň soňky görnüşinden ölýänleriň az boljagy baradaky umytlar arasynda, häzire çenli näsaglaryň agyr däldigini aýtdy.

Türkiýäniň saglyk ministri Fahrettin Koja bir hadysanyň Türkiýäniň iň uly şäheri Stambulda, beýleki bäş hadysanyň günbatardaky Izmir şäherinde ýüze çykarylandygyny, näsaglanlaryň ählisinde "alamatlaryň gaty ýeňil" bolandygyny aýtdy.

“Omikron” Günorta Afrikanyň alymlary tarapyndan kesgitlenip, geçen aý halkara saglyk resmileri tarapyndan “aladaly görnüş” diýip häsiýetlendirileli bäri 60-dan gowrak ýurtda ýüze çykaryldy. Şol ýerleriň üçden birine golaýy bu görnüşiň ýerli ýagdaýda geçýändigini habar berdi.

Bilermenleriň pikiriçe, omikronyň näderejede agyr boljagy barada belli-külli netije çykarmak üçin ýeterlik maglumat ýygnamaga birnäçe hepde gerek bolar.

Birleşen Ştatlardaky Kesellere gözegçilik merkezleri dekabr aýynyň birinji hepdesinde omikron ýokuşmasy tassyklanan 43 näsagyň bardygyny, olaryň hemmesiniň ýagdaýynyň aramdygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG