Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB Belarus raýat jemgyýetine berýän goldawyny artdyrýar


Swetlana Tihanowskaýa

Ýewropa Bileleleşigi (ÝB) belarus raýat jemgyýetine berýän goldawyny 30 million ýewro ($34 million) möçberinde artdyrýar diýip, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen aýtdy.

“Biz ýaşlara, garaşsyz media serişdelerine, sürgündäki kiçi we orta telekeçilige hem-de medeniýet wekillerine ýardamy ýene-de 30 million ýewro möçberinde artdyrýarys” diýip, fon der Leýen sürgündäki oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa bilen geçiren duşuşygyndan soňra, 12-nji dekabrda Twitter arkaly mälim etdi.

ÝB geçen ýyl hem belarus raýat jemgyýeti, garaşsyz media serişdeleri, biznes geňeşdarlyk hyzmatlary we jemgyýetçilik saglyk başlangyçlary üçin 53 million ýewro ($60 million) möçberinde ýardam bukjasyny yglan edipdi.

Şeýle-de, Bileleşik demokratik Belarusyň geljegi üçin 3 milliard ýewro ($ 3,4 milliard) möçberinde ýardam wadasyny yglan edipdi.

Geçen ýyl Belarusda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soňra diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň basyp ýatyrmalarynyň yz ýany belarus oppozisiýa wekilleri sürgüne gitdi, ýa-da tussag astyna alyndy. Günbatara görä, saýlawlaryň ýeňijisi bolan Tihanowskaýa goňşy Litwada sürgünde ýaşaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG