Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran ýadro gepleşiklerinde öňegidişligiň ýoklugynda Günbatary günäledi


Eýranyň döwlet baýdagy

Eýran, 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasy boýunça günbatar partnýorlaryny "aýyplamak oýnuny oýnamakda" aýyplady. Bu, şertnamany dikeltmek maksady bilen dowam edýän gepleşiklere gatnaşýan ýewropaly diplomatlaryň Tähranyň şertnama "laýyk gelmeýän" täze teklipleri hödürleýändigini aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Eýranyň global sanksiýalaryň ýatyrylmagy üçin ýadro işjeňligini çäklendirýän bilelikdäki ählitaraplaýyn hereket meýilnamasy (JCPOA), 2018-nji ýylda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump şertnamadan çykyp, sanksiýalary täzeden girizende we Tähran çäkden çykanda dargap başlapdy.

Eýran bilen şertnama baglaşan ýurtlar, ýagny Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Russiýa arasyndaky gepleşikler bäş aýlap dowam eden arakesmeden soň 29-njy noýabrda Wenada gaýtadan başlandy we ABŞ oňa gytaklaýyn gatnaşdy.

Gepleşiklerde hiç hili öňegidişlik bolmady we E3 ady bilen tanalýan Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň diplomatlary 13-nji dekabrda eden bilelikdäki beýannamada "Eýranyň täze pozisiýalary bilen iş salyşmak üçin gymmatly wagtymyzy ýitirýäris" diýdiler.

Gepleşiklerde Eýranyň esasy wekili Ali Bagheri 14-nji dekabrda Twitterde eden beýanatynda "käbir oýunçylar hakyky diplomatiýanyň ýerine günäkärleri tapmak oýnuny dowam etdirýärler" -diýdi.

Prezident Jo Baýden, Eýranyň ylalaşygyň şertlerine täzeden başlamagy şerti bilen ABŞ-nyň bilelikdäki ählitaraplaýyn hereket meýilnamasyna (JCPOA)goşulmaga taýýardygyny aýtdy.

Beýleki talaplary bir hatarda Eýran ABŞ-nyň ähli sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny talap edýär we Waşingtonyň geljekde şertnamadan ýüz öwürmejekdigine kepil isleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG