Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB sammitinde rus howpy maslahatlaşylýar


Ýewropa Bileleşiginiň liderleri 16-njy dekabrda Brýusselde toplanyp, Belarus, COVID-19, energiýa we rus-ukrain serhedindäki dartgynlyklar barada maslahat edýärler. Orsýetiň ukrain serhediniň alkymynda goşun jemlemegi we çozmak ähtimallygy sammitiň gün tertibindäki baş meseleleriň biri bolup durýar.

ÝB Russiýany dartgynlyklary gowşatmaga, täzelenen diplomatiýanyň çäginde gündogar Ukrainadaky ýedi ýyllyk konflikti çözmek tagallalaryna girişmäge çagyrdy we, islendik görnüşde hüjüm edilen ýagdaýynda, Angliýa we ABŞ bilen utgaşdyryljak täze sanksiýalaryň giriziljekdigini aýdyp, haýbat atdy.

Russiýa hüjüm etmek planlarynyň bardygyny inkär edýär we Ukrainanyň NATO-a agza bolmak ähtimallygy, Günbatar bileleşiginiň öz günbatar serhedindäki işleri barada bir topar beýanat etdi. Rus-ukrain dartgynlygy ÝB liderleriniň 15-nji dekabrda goňşy Gündogar Ýewropa ýolbaşçylary bilen geçiren sammitinde hem baş mesele boldy.

Awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenkanyň režimine gönükdirilen bäşinji sanksiýalar tapgyryny girizenden soň, öz gündogar serhedindäki migrasiýa akymy bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşigi Belarus bilen arada dörän krizisi hem maslahatlaşar.

Energiýa bahasynyň ýokarlanmagy we dowamly inflýasiýa howpy hem ÝB liderleriniň arasynda geçirilýän gepleşikleriň bir temasy bolar. Bu çekişmeler Baltika deňziniň düýbünden Germaniýa rus gazyny getirjek dawaly “Demirgazyk akym 2” geçirijisine hem zarba urup biler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG