Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 15-nji dekabrda üçünji gyzy Ruhşona Rahmonowany ýurduň Angliýadaky ilçisi wezipesine belledi.
Dokuz çaganyň atasy bolan Rahmonyň başga-da birnäçe ýakyn garyndaşy möhüm resmi wezipeleri eýeleýär ýa-da Merkezi Aziýanyň iň garyp post-sowet respublikalarynyň biri bolan Täjigistanda girdejili kärhanalara gözegçilik edýär. Rahmon Täjigistany 1992-nji ýyldan bäri dolandyrýar.
Hukuk toparlary we garşydaşlary onuň başgaça pikirlenýänlere çydamaýandygyny we tankytçylaryny basyp ýatyrýandygyny aýdýarlar. 2016-njy ýylda ol Ruhşonany Londondaky täjik ilçihanasynda işläninden biraz soň Duşenbä getirip, Daşary işler ministrliginde ýolbaşçy wezipä belledi.
Ol bu maşgalanyň täsirinden peýdalanyp, ummasyz baýlyk toplamakda tanalýan telekeçi Şamsullo Sohibowa durmuşa çykdy. Rahmonyň 34 ýaşly ogly Rustam paýtagt Duşenbäniň häkimi we Täjigistanyň mejlisiniň ýokarky palatasynyň, Majlisi Milliniň başlygy.
Täjik lideriniň ýene bir gyzy Ozoda Rahmon onuň diwanynyň başlygy, Ozodanyň adamsy Jamoliddin Nuraliýew bolsa merkezi bankyň başlygynyň birinji orunbasary bolup işleýär.