Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Memorial arhiwleri – geçmişiň sesi: Sowet repressiýasynyň pidalary ýowuz geçmişi ýatlaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

26-njy dekabrda SSSR-iň resmi taýdan dargamagyna göni 30 ýyl dolýar. SSSR-iň çöküşiniň 30-njy ýyl dönüminde Dünýä Türkmenleri programmamyzyň bu sany sowet repressiýasyndan söz açýar.  

Geçen aý Russiýanyň hökümeti Sowet Soýuzy döwründe edilen jenaýatlary öwrenmek we olary unutmazlyk üçin iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk guramalary – “Halkara Memorialy” (Memorial International) hem-de “Memorial ynsan hukuklary merkezini” ýapmak boýunça ýuridiki işlere badalga berdi. Hormatlanýan guramalar şu günki gün öňki sowet respublikalarynda ynsan hukuklaryny ösdürmek babatda hem iş alyp barýardy.

Russiýanyň Ýokary kazyýeti 14-nji dekabrda Halkara Memorialyň garşysyna açylan iş boýunça kazyýet diňlenişiklerini dowam etdirdi. 16-njy dekabrda Moskwanyň şäher kazyýetinde Memorial Ynsan Hukuklary Merkezi bilen bagly kazyýet diňlenişikleri geçirildi.

Halkara Memorial, başga-da köp sanly taslamalar bilen bir hatarda, 2008-nji ýyldan bäri Sowet döwrüniň repressiýa pidalarynyň dilden-dile geçýän taryhy ýatlamalaryny öwrenmekde we olary gorap saklamakda iş alyp barýardy.

Memorial arhiwleri – geçmişiň sesi: Sowet repressiýasynyň pidalary ýowuz geçmişi ýatlaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

“Şaýatlaryň döwür baradaky ýatlamalary tussaglaryň gulagda nähili şertlerde ýaşandyklaryny we diri galandyklaryny hem-de totalitar döwletde ýaşamagyň raýat üçin nämeleri aňladandygyny açyp görkezýän iň möhüm çeşmelerdir” diýip, Memorialyň web-saýtynda çap edilen beýanatda aýdylýar.

“Häzirlikçe, bu çeşmeler bize elýeterlidir. Şonuň üçin, şaýatlar entek diri wagty, olaryň berýän beýanatlaryny toplamak we olary gorap saklamak biziň baş maksadymyzdyr” diýip, Memorial aýdýar.

Galyberse-de, hökümete degişli bolmadyk guramada Sowet döwründe repressiýa duçar edilen 60 müň sowet raýatynyň şahsy kagyzlary, sowet dissidentleriniň şahsy kagyzlary we fotosuratlar bar. Memorialda sowet taryhyna degişli 40 müň kitaply kitaphana we repressiýa pidalarynyň tejribelerine hem-de adamlaryň gulag sistemasy astyndaky durmuşyna bagyşlanan bir muzeý bar.

Şeýle-de, Halkara Memorialda Sowet döwrüniň syýasy repressiýalarynyň pidalary barada 3 million sany aýry-aýry maglumaty öz içine alýan baza, hem-de 1935-1939-njy ýyllar aralygynda Sowet Soýuzynyň howpsuzlyk organy bolan NKWD üçin işlän 41 müňden gowrak adamyň maglumat bazasy bar.

1917-1991-nji ýyllar aralygynda Sowet Soýuzynda millionlarça adam öldürildi, yzarlandy, ýetim galdy, ýa-da başga hili pida edildi. Taryhyçy Robert Konkuest “Uly terror” atly kitabynyň 2007-nji ýylda çap edilen neşirinde 1930-njy ýyllarda “Sowet režiminiň terrory” astynda azyndan 15 milliondan gowrak adamyň öldürilendigini çaklady.

Memorialyň kazyýet diňlenişiginiň öň ýany, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Amerikanyň sesi” bilen bilelikde ýöredýän “Häzirki zaman” proýekti Memorialyň arhiwinden alnan saýlama ýatlamalaryň kiçeňräk toplumyny çap etdi. Bu makalada arhiwden alnan ýatlamalar gysgaldylyp alyndy.

Ýelizaweta Riwçun, 2008

Russiýaly meşhur jaz kompozitory we dirižýor Dawid Geigneriň gyzy Ýelizaweta Riwçun Staliniň Uly terror döwründe, 1937-nji ýylyň dekabr aýynda kakasynyň tussag edilişini we şondan soňra bolan wakalary ýatlaýar. Geigner Moskwadaky “Metropol” restoranynda beren konsertiniň edil yz ýany tussag edildi. Ol içalyçylykda we terror aktyny planlaşdyrmakda aýyplandy. Geigner 1938-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda atylyp öldürildi we ölüminden 18 ýyl soň, 1956-njy ýylyň 8-nji dekabrynda aklandy.

Ýelizaweta Riwçunyň ejesi Sisilýa we kakasy Dawid Geigner
Ýelizaweta Riwçunyň ejesi Sisilýa we kakasy Dawid Geigner

Ondan bäri 70 ýyldan gowrak wagt geçdi, ýöne bolup geçen zatlar meniň edil düýn ýaly ýadymda. Gije sagat 1 töwereklerinde meni sandygyň üstünde ýatan ýerimden oýardylar. Men ol wagtlar heniz 13 ýaşymdadym. Biz giňligi 13 inedördül metr bolan otagda bäş bolup ýatýardyk. Men, ejem, kakam, oglan jigim we eneke. Ol, bäş-alty otagly kommunal jaýdy. Ählimiz üçin kiçijik bir aşhana bardy. Oglan jigim otagyň ortasynda sallançakda ýatyrdy. Men sandykda ýatyrdym. Diwaryň ýanynda ejemiň we kakamyň krowady bardy. Enekämiz gapa golaý ýerleşen sandygyň üstünde uklap ýatyrdy.

Haçan-da iki erkek adam ejem bilen öýe gelende, olar duran ýerlerinde doňup galdylar. Olar kakamy ýaňyja sahnada penjekli görüpdiler, owadan ejemiň bolsa özüniň agşamlyk lybasynda aýdym aýdyşyny görüpdiler. Soňra birdenem öýe gelip, öýüň durkuny, otaglary, çaga sallançagyny gördüler. Olar duran ýerlerinde doňup galdylar. Olaryň biri “Geigner şu ýerde ýaşaýardymy?” diýip sorady. “Ýaşaýarmy?” diýmedi, “ýaşaýardymy?” diýip, sorady. Olar enekeden soradylar, ol hem “hawa” diýip, jogap berdi.

Men we oglan jigim oýanypdyk, sallançaklar ýygnalypdy, olar bolsa saňňaty bolup durdular. Olar dik aýak üstünde durdy, ejem duw-ak bolup, bufede ýaplanyp durdy. Olar meniň ýatýan sandygymy dörüp başladylar, köne-küşül eşikden başga hiç zat tapmadylar.

Aradan 16 ýyl, ýok 19 ýyl, geçenden soň, biz kakamyzyň tussaglygyndan bir aý soňra atylyp öldürilendigini bilip galdyk.

Kakam tussag edilenden iki aý soň, bir gezek, mekdepde wagtym, mugallym maňa ýüzlenip, “Liza jan, direktor seniň bilen gürleşmek isleýär” diýdi. Müdiriň otagyna barýan wagtym meniň aýaklarym titreýärdi. Men horajyk, kiçijik gyzjagazdym. Men içeri girip, biygtyýar sandyradym. Ol meni gujaklap, özüne çekdi: “Näme üçin aglaýarsyň? Näme üçin aglaýarsyň?” diýip, menden sorady. Ol menden birinjilik bilen “ejeň öýdemi?” diýip sorady. Men şol wagt onuň nämäni göz öňünde tutýandygyna düşünmedim. Ol şonda meniň we oglan jigimiň ýeke galmandygymyza göz ýetirmek islän ekeni. Men “hawa, öýde” diýdim. Ol “Hudaýa şükür” diýdi. “Näme üçin aglaýarsyň?” diýip sorady.

Men: “Beýleki klasdaşlarym kakamyň tussag edilendigini bilerler öýdüp gorkýaryn” diýdim.

Ol: “Goýsana! Ondan alada galma! Siziň klasyňyzdaky okuwçylaryň tas ýarysynyň kakasy öýlerinde däl. Olar hem edil sen ýaly” diýdi. Onuň ady Trofim Nikitiç Polişçuk bolmaly. Men onuň şol gün maňa aýdan mylaýym sözleri sebäpli, bir ömür adyny asla ýatdan çykarmadym.

Nina Smirnowa, 2008

Nina Smirnowa 1923-nji ýylda dünýä indi. Onuň maşgalasy Sowet diktatory Iosif Staliniň 1930-njy ýyllarda alyp baran “kulaksyzlaşdyrma” syýasaty sebäpli, “baý-kulak” diýlip, ýa-da beýlekilere garanyňda has barlykly daýhan hasaplanyp, emläklerinden mahrum edildi. Olar Krasnodar sebitine sürgün edildi. Memorial Nina Smirnowa bilen söhbetdeş bolanynda, ol henizem Krasnodarda ýaşaýardy.

Nina Smirnowa. Arhiw suraty.
Nina Smirnowa. Arhiw suraty.

Meniň ejem Ukrainanyň Donetsk oblastyndan, kakam woronežli. Ejem Donetskden Woronože gelip, kakama durmuşa çykypdyr. Olaryň çagalary dünýä indi, il arasynda aýdylşy ýaly, şeýdip, öz gara güýçlerine, gara zähmet bilen bilelikde ýaşap başladylar.

Olar gara zähmet bilen 10 çagaly maşgalany eklediler. Çagalaryň ikisi aradan çykdy. Ene-atamyz tutuş maşgalany ekläp, kärendesine alan ýerleri üçin salgyt töleýärdiler. Ýöne biziň garnymyz dokdy, aç-ýalaňaç bolmazdyk.

Ýöne 1930-njy ýylda “kulaklara” garşy kampaniýa girişdiler...

Olar biziň üstümizden eşiklerimizi sypyryp almaz ýaly, ejemiz biziň iň eý görýän eşiklerimizi biziň bedenimize daňardy. Kakamyň ädigini onuň edil aýagyndan sypyryp alyp ogurladylar. Men şol wagtlar bolsam ýaňy bir üç ýaşlarymdadym.

Meniň ejemiň maşgalasyna Kutnýak diýýärdiler. Men atamyň adynyň Sergeý bolandygyny bilýärin, sebäbi ejemiň adyny Anna Sergeýewna diýip tutýardylar... Enemiň ady ýadyma düşenok.

1930-njy ýylda biziň maşgalamyz “kulaksyzlaşdyryldy”. Olar biz baýdyr öýtdüler, şonuň üçinem biz olar üçin “kulak” bolmalydyk. Ýöne garyp goňşularyň geçiren ýygnagynda biziň ähli emlägimizi elimizden almak kararlaşdyrylypdyr, şeýdip biziň “gatlagymyzy ýok etjek ekeni bular”. Arhiwlerde şeýle diýip ýazygly. Bu weýrançylyk diýmegi aňladýardy. Şeýdip hem, olar bizi Sibire iberdiler.

Olar bizi arabalara ýüklediler. Men heniz ýaş çagadym, ýöne meniň tüm garaňkyda otlyda samanyň ýa-da köne-küşül esginiň üstünde oturyşym ýadyma düşýär.

Soňra bizi gar arabalaryna ýüklediler. Çagalaryň üstüni saman we köne-küşül esgiler bilen örtdüler. Bizi ýarym-ýalaňaç adam saýhallanýan beketlere alyp gitdiler. Gar arabalarynyň yzyndan ulularyň ylgaýşy ýadyma düşýär. Adamlar gözümiň öňünde ap-ak bolup, buza dönüpdiler. Bu zatlaryň ählisi meniň ýadymda. Biz gar arabalarynda aglaşýardyk. Häzir men käteler gijäň ýary oýanyp, pikir edýärin, nädip meniň ejem öz çagalarynyň çeken şeýle jebrini görüp çydap bildikä, onuň ýüregi munça zada nädip çydadyka diýip, oýlanýaryn.

Şol günler, 1934-nji ýyllar töweregi bolmaly, men süňk bilen ham bolup galypdym. Aç bolýardyk. Men iglilik keseline uçrapdym. Meniň gözlerim ýanyp durdy, ýöne gaty horlanypdym, men iň körpeleri bolansoň, iň köp zat meniň paýyma düşýärdi. 12 ýaşa çenli, biz gaty açlyk çekdik...

Bir gezek, biz ýanymyzda ejemiz ýok wagty, çagalar bolup otyrdyk. Ojagyň üstünde içi mylaýym suwly gazan bardy. Gyz doganym Irinka: “Gel, şu suwuň üstüne duz guýup, şony iýeli!” diýdi. Biz suwa duz guýup, üç gyz bolup, şol duzly suwy nahar edindik. Duzumyz bardy. Biz garnymyz doýýança şol duzly suwy çemçe bilen içdik.

Ikinji Jahan urşy döwürlerinde çörek ýokdy. Biz pil bilen atyzlara aýlanyp, ýer gazyp syçan hininden iýer-içere zat gözleýärdik. Uruş gutarandan soňra, biz şol döwürler barada gürrüň etmekden gorkýardyk. Eger kimdir biri seni ýamanlasa, ýa-da seniň garşyňa bir zatlar aýtsa, seni gürüm-jürüm edip, ýitirip goýberýärdiler. Sud ýok, diňlenişik ýokdy. Göni Kolymadaky Gulag lagerlerine iberýärdiler.

Lenin 1924-nji ýylda aradan çykdy. Ol heniz men dünýä inmänkäm ýaşap geçipdir. Bizi diňe Stalin şol günlere saldy.

Roza Şowkrinskaýa, 2009

Roza Şowkriknskaýa 1930-njy ýylda dünýä indi. Onuň kakasy Ýusup Russiýanyň raýat urşuna gatnaşdy hem-de Dagystanyň Kommunist partiýasynyň resmisi boldy. Ol 1937-nji ýylda tussag edilip, Workutanyň Gulag lagerinde aradan çykdy.

Roza Şowkrinskaýa. Arhiw suraty.
Roza Şowkrinskaýa. Arhiw suraty.

Ejem bize kakamyzyň iş saparyna barýandygyny aýtdy. Ýöne şondan soň biz asla kakamyzy görmedik. Ol üç ýyl Mahaçkalanyň türmesinde oturdy. Olar ony üç ýyllap gynadylar. Ol bu zatlar barada hat ýazyp, käbir sakçylaryň kömegi bilen bolan zatlar barada daşaryk habar berdi.

Kakam ol ýerde üç ýyl geçirdi. Onuň sud diňlenişigi üç ýyl soň başlady. Otuz alty adam onuň garşysyna görkezme berip gol çekipdir, ýöne olaryň hiç haýsy şol wagt aýatda diri däldi. Ýöne olaryň görkezmeleri bilen, kazyýet kakama sekiz ýyl höküm çykardy. Sekiz ýyl.

Ol Sibire ugradyldy. Biz kakam Komi sebitindäki Gulag lagerinde wagty, ondan ýekeje gezek hat aldyk. Ol öz hatynda ol ýerleriň tebigaty barada gürrüň berdi, ak gara bürenen daş-töwerek, ak aýylar, sibir käkilikleri barada gürrüň berdi. Ol biziň Sowet maşgalamyz üçin özleriniň jaý guruşlary barada, bize demirýol gerekdigi barada ýazýardy. Haýsy demirýol barada gürrüň barýar, ony bilmedim.

Şol hatdan soň, biz asla kakamyzdan habar alyp bilmedik.

Bize soň hat gelmedi, ýöne şondan bir ýyl soň, 1941-nji ýylda kakamyzyň keselhanada aradan çykandygyny eşitdik. Hiç kime onuň patasyna barmaga rugsat berilmedi. Oba geňeşi biziň öýümize hiç kim barmaz ýaly sakçy goýdy.

Ejem we biz çagalar bolup kakamyza ýeke agladyk. Daýhan birleşikde hiç kim ejem bilen gepleşmeýärdi. Olar bize mekdebe gatnamaga rugsat bermeýärdi.

Ejem asla hiç kimi aýyplamady, ol asla Stalini günäkärlemedi. Ol: “Stalin beýdip bilmez. Stalin bu zatlar barada bilýän däldir. Günä Stalinde däl” diýerdi.

Bu makala "Hazirki zaman" korrespondenti Bogdan Orlowyň habarlary esasynda Robert Kolson tarapyndan ýazyldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG