Donald Tramp Nýu-Ýork şäherindäki eminler tarapyndan 2016-njy ýylda ýeňen saýlawlaryna bikanun täsir etmek üçin iş ýazgylaryny galplaşdyrmakda bildirilen aýyplamalaryň 34 punktunyň ählisi boýunça günäli tapylyp, agyr jenaýat işinde ýazgarylan ilkinji iş başyndaky we öňki ABŞ prezidenti boldy.
Emin agzalary girewsiz boşadylan öňki prezidente garşy 30-njy maýda çykarylan karary kabul etmek üçin iki günüň dowamynda 11 sagatdan gowrak maslahat etdiler.
Emin agzalary bu karara gelmek üçin şu ýylky prezident saýlawynda respublikan dalaşgäri boljakdygy çaklanylýan Trampyň kompaniýasynyň ýazgylaryny gaplaşdyrandygy ýa-da başga biriniň şeýle etmegine sebäp bolandygyny we muny jenaýat etmek ýa-da başga bir jenaýaty gizlemek niýeti bilen hereket edendigini biragyzdan ykrar etmeli boldular.
Kazyýet işi aprel aýynda kazy Huan Merçanyň gözegçiligi astynda başlandy we hökümiň 11-nji uýulda çykarylmagy bellenildi. Iş ýazgylaryny galplaşdyrmak üçin berilýän iň ýokary jeza dört ýyl türme tussaglygyndan ybarat, ýöne Merçan onuň jezasyny şertli boşatmak, synag ýa-da jemgyýetçilik hyzmaty bilen hem çalşyryp biler.
Manhattan etrabynyň prokurory Alwin Bragg prokurorlaryň faktlara we kanunlara "gorkusyz ýa-da eglişik etmezden" eýerýändigini aýtdy.
Bragg Trampyň kazynyň tarap tutandygy we kazyýet işiniň "galplaşdyrylandygy" barada aýdan sözlerini ret etdi, "Ähmiýeti bolan ýeke-täk ses eminleriň sesi we eminler öz pikirini aýtdy" diýip, Bragg sözüniň üstüni ýetirdi.
Günäkär höküminiň çykarylandygyna garamazdan, Trampyň dalaşgärlik etmegi ýa-da noýabr aýynda geçiriljek saýlawda prezident Jo Baýdeni ýeňse, prezident wezipesine girişmegi gadagan edilmeýär. Ol şindi hem, höküm çykarylandan sähel wagt soň, respublikan partiýanyň iýul aýynda geçiriljek gurultaýynda resmi taýdan dalaşgärlige hödürlener diýlip garaşylýar.
Tramp özüne garşy çykarylan höküme berk garşylyk reaksiýasyny bildirip, özüni "örän bigünä adam" hasaplaýandygyny we, prezident saýlawynyň geçiriljek gününe salgylanyp "hakyky hökümiň 5-nji noýabrda halk tarapyndan çykaryljakdygyny" aýtdy.
Pikir soralyşyklar günäkär höküminiň çekeleşikli bolmagyna garaşylýan saýlawda Tramp üçin käbir howp döredip biljekdigini görkezýär, ýöne respublikan strategleriniň käbiri bu hökümiň Trampyň populist özüne çekijiligine kömek etjekdigini aýdýar.
Şeýle-de, Tramp "Bu entek tamam bolardan daşda" diýip, öz kanun toparynyň çykarylan hökümden şikaýat etjekdigini aýtdy.
Ak tamyň metbugat sekretary bu höküme jogap edip, "Biz kanunyň hökmürowanlygyna hormat goýýarys we goşmaça düşündirişimiz ýok" diýdi. Baýdeniň kampaniýasy ozalky Twitterde, X-da reaksiýa bildirip, "Bu ýerde Donald Trampy Oval ofise goýbermezligiň ýeke-täk ýoly bar – ol saýlaw gutusynda" diýdi.
Tramp geçen ýylyň mart aýynda şol wagtky aklawçysy Maýkl Koeniň uly ýaşlylar kinosynyň aktrisasy Stormy Danielse tölän130 000 dollarynyň öwezini dolmakda aýyplandy.
Stormy Daniels 2006-njy ýylda Tramp bilen jynsy gatnaşykda bolandygyny öňe sürdi. Tramp Koheniň Danielsi susdurmak üçin tölän pulunyň öwezini dolanda, hakykaty ýaşyrmak üçin, ony kanuny çykdajylar hökmünde görkezip, nädogry maglumat bermekde aýyplandy.
Tramp Daniels bilen jynsy gatnaşykda bolandygy barada aýdylýanlary hiç wagt bolmadyk zat hökmünde inkär etdi, ýöne maşgala biwepalygy baradaky gürrüň onuň 2016-njy ýylda ýeňen prezident saýlawyndaky kampaniýasyny çökerip bilerdi.
Prokurorlar, hakyky ýagdaýy ýaşyrmak üçin, bank amallarynyň öwezini dolmak hökmünde galp hasaba alnandygyny aýtdylar.
Tramp kazyýet işine gatnaşdy, ýöne dynç günleri we kazynyň hepde dowamynda belleýän boş günlerinde kampaniýalaryny dowam etdirdi. Ol wagtdan peýdalanyp, tutuş ýurt boýunça kampaniýa ýygnanyşyklaryny geçirdi.
Forum