Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýanyň Ýewropa howpsuzlygy baradaky teklibi 'kabul ederliksiz' diýýär


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Döwlet dumasynda söz sözleýär. 19-njy maý, 2021

Sowuk uruşdan soňky Ýewropanyň howpsuzlyk arhitekturasyny düýpgöter üýtgetmek islegi bilen, Orsýet ABŞ we NATO bilen gepleşmek isleýän ylalaşyklarynyň isleg sanawyny çap etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 17-nji dekabrda öňe sürlen tekliplerde NATO-nyň gündogar tarapa giňelmegini we bileleşigiň Gündogar Ýewropadaky harby işjeňligini çäklendirmegi, şol sanda Ukraina we Gürjüstan bilen hyzmatdaşlygyny bes etmegi talap edilýär.

NATO-nyň 1990-njy ýyllaryň aýagyndan bäri Gündogar Ýewropada we öňki sowet döwletlerinde gazanan howpsuzlyk ilerlemeleriniň köpüsini puja çykaryp biljek teklipler Waşington bilen Kremliň arasyndaky dartgynlyklaryň sowuk uruşdan soňky döwürde, Moskwanyň öz ýakyn töweregindäki daşary ýurtlarda täsir meýdanyny döretmek synanyşyklary bilen, iň ýokary derejä ýeten wagtynda edildi.

ABŞ administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisi edilen teklipleriň käbirini "kabul ederliksiz" diýip atlandyrdy we ruslaryň “muny bilýändigini” aýtdy. Emma muňa garamazdan, efirde adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen resmi beýleki aspektleriň “ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjekdigini” belledi. Ol resmi hiç bir jikme-jiklige girmedi.

Döwlet departamentiniň öňki işgäri, ABŞ-Sowet goranyş gepleşiklerine gatnaşan William Kortni Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna Russiýanyň teklipleriniň “täsir meýdanlaryny döretmegiň” bir çäresi bolup görünýändigini, emma öz pikiriçe, ABŞ-nyň we Ýewropanyň muny kabul etmejekdigini aýtdy.

Russiýanyň häzir Ukraina bilen serhet ýakasynda takmynan 100,000 esgeri bar, ABŞ munyň çozuşa taýýarlyk bolup biljekdigini aýdýar. Russiýa Ukrainanyň günlerde bir gün NATO-a goşulmak ähtimallygyny “gyzyl çyzyk” diýip atlandyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG