Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan Owganystana berilmeli kömegi maslahatlaşmak üçin halkara ýygnanyşyk geçirýär


"Talyban" ýolbaşçylygyndaky hökümete duşuşykda daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Amir Han Muttaqi wekilçilik edýär.

Pakistan 19-njy dekabrda goňşy Owganystandaky gumanitar krizisi ara alyp maslahatlaşmak üçin Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) adatdan daşary ýygnagyny geçirýär.

57 agzaly YHG-nyň birnäçe daşary işler ministri, “Talyban” tarapyndan dolandyrylýan hökümetiň çylşyrymly syýasy reallyklaryndan baş çykaryp, Owganystana kömek etmegiň ýollaryny öwrenmek üçin duşuşyga gatnaşýar diýip, Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň beýanatynda aýdylýar.

Kureşi esasy güýçleriň, şol sanda ABŞ-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystandaky ýörite wekillerini Pakistanda geçirilýän bir günlük sammite iberjekdigini aýtdy.

Talyban ýolbaşçylygyndaky hökümete duşuşykda daşary işler ministri Amir Han Muttaqi wekilçilik edýär. Beriljek kömek wadasy 19-njy dekabrda, agşamlyk yglan edilmeli. BMG, gyssagly kömek edilmese, millionlarça owganlynyň gyşda açlyga duçar bolup biljekdigini birnäçe gezek duýdurdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG