Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk Howaýollary Türkmenistandan bir aýda üçünji çarter uçuşyny gurnaýar


Hökümetçi "Türkmenportal"neşiriniň “Atawatan Türkmenistan” neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, "Türkhowaýollary" 21-nji dekabrda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugrunda çarter uçuşyny amala aşyrar.

Bu türk howa gämileriniň şu aýda amala aşyrýan üçünji çarter gatnawydyr diýip, habarda bellenýär.

Mundan öňki uçar gatnawlary 9-njy we 12-nji dekabrda amala aşyryldy we ol uçarlarda, türk raýatlary bilen bir hatarda, türkmen raýatlarynyň hem uçandygy aýdylýar.

2020-nji ýylyň martynda, koronowirus pandemiýasy bilen baglylykda uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy bilen, Türkmenistanyň köp raýaty, şol sanda zähmet migrantlary we studentler, näsag adamlar daşary ýurtlarda galdy.

Sosial ulgamlarda ol adamlaryň özleriniň we maşgala agzalarynyň, şol sanda çagalarynyň ýollaryň açylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary aýdylýar.

Mundan başga, uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy Türkmenistandan daşary ýurtlara gitjek adamlar üçin hem uly kynçylyklary döretdi.

Şu aralykda, Türkmenistanyň gurnaýan seýrek uçar gatnawlarynda para-peşgeş talaplarynyň uly rol oýnaýandygy habar berilýär. Resmi Aşgabat bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

XS
SM
MD
LG