Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pensiýa çykan rus polisiýa işgäri Gyzyl meýdançada piket geçirýän mahaly tussag edildi


Oleg Kaşintsew
Oleg Kaşintsew

Moskwanyň pensiýa çykan polisiýa işgäri rus paýtagtynyň Gyzyl meýdançasynda piket geçirip, oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň boşadylmagyny talap edýän we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini "ganhor" diýip atlandyrýan mahaly tussag edildi.

Öňki polisiýa maýory Oleg Kaşintsew 19-njy dekabrda Kremliň golaýynda polisiýa tarapyndan tussag edilende "Nawalnyny azat ediň. Putin ganhor" diýen plakaty göterýärdi.

Kaşintsew, polisiýa oňa garşy "piket geçirmek baradaky düzgünleri bozmak" we "polisiýa formasyny [egin-eşigini] bikanun geýmek" barada aýyplamalary bildirenden birnäçe sagat soň boşadyldy.

Kaşintsew 18 ýyl kanun goraýjy edaralarda, şol sanda 14 ýyl Moskwa polisiýasynyň jenaýat derňew bölüminde işledi.

Ol ýurduň oppozisiýasyna edilýän basyşa nägilelik bildirip, 2019-njy ýylda polisiýadaky işini terk etdi.

Soňky ýyllarda Kaşintsew Nawalnyny goldamak üçin rugsatsyz ýygnanyşyklaryň birnäçesine gatnaşdy.

Nawalny Putiniň iň esasy garşydaşlaryndan biridir. Ol ýanwar aýynda Germaniýada ölüm howply zäherlenmeden bejergi alyp gelenden soň tussag edildi.

XS
SM
MD
LG