Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Möwjeýän” omikron ABŞ-da waksinasiýa has köp itergi berýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça ýokary derejeli hünärmeni, koronawirusyň omikron görnüşiniň dünýäde pandemiýanyň täze tolkunyny döretmegiň bosagasynda durýan mahaly, gyşyň garaňky boljakdygyny duýdurdy.

Doktor Entoni Fauçi (Anthony Fauci) 19-njy dekabrda omikronda “ýaýramagyň adatdan daşary ukybynyň” bardygyny we “bütin dünýäde möwç urýandygyny” aýtdy.

Fauçi ABŞ-nyň NBC telekanalyna beren interwýusynda "gyşa has çuň aralaşanymyzda” wirusyň bu görnüşi “birnäçe hepdeden birnäçe aýa çenli” wagtyň “agyr” boljakdygyny aňladýar diýdi.

Ol häzirki tendensiýalar dowam etse, esasanam ýurduň sanjym derejesi pes bolan sebitlerinde hassahanalaryň “örän dartgynly” boljakdygyny hem aýtdy. Fauçi amerikalylary sanjym almaga ýene bir gezek çagyrdy.

Omikron noýabr aýynda Günorta Afrikada ilkinji gezek hasaba alnandan bäri dünýäniň onlarça ýurdunda tapyldy. Wirusyň bu görnüşi köp ýurduň syýahat çäklendirmelerini we beýleki çäreleri täzeden güýje girizmegine sebäp boldy.

Milli saglyk institutlarynyň müdiri, doktor Frensis Kollins ABŞ-nyň CBS telekanalyna beren interwýusynda omikron bilen keselleýänleriň sanynyň öňümizdäki iki hepdäniň dowamynda ep-esli artjakdygyny we oňa jogap bermäge taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG