Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Metbugat habarlary: Russiýa Ýapon deňzinde ganatly raketa synaýar


21-nji dekabrda Russiýanyň Ýapon deňzinde ýerleşýän suwasty harby gämiden synag maksady bilen "Kalibr" kysymly ganatly raketa iberendigi habar berildi.

Russiýanyň suwasty gämisi Ýapon deňzinden “Kalibr” kysymly ganatly raketa iberdi. Raketa müň kilometr aradaşlykda ýerleşýän guryýer nyşanasyny urar diýip, rus habar agentlikleri 21-nji dekabrda habar berdi.

“Petropawlowsk-Kamçatskiý” dizel-elektrik suwasty gämisi Russiýanyň guryýer tälim-türgenleşik poligonynda ýerleşýän nyşanany üstünlikli urdy diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.

Russiýanyň Ýuwaş umman floty gizlin herekete harby deňiz gämileriniň, uçarlaryň we uçarmansyz uçarlaryň gatnaşandygyny aýtdy.

Ýaponiýa Ohostsk deňziniň golaýyndaky Kuril adalary boýunça territorial hukuk talap edýär. Ýaponiýa Kuril adalaryny “Demirgazyk territoriýalar” atlandyrýar.

Sowet goşunlary Kuril adalaryny II Jahan urşunda Ýaponiýadan basyp aldy. Territorial dawa Russiýa bilen Ýaponiýany parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmek bilen resmi taýdan urşy soňlandyrmakdan saklap gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG