Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Angliýada geçirilen barlaglar omikron ýokanjynyň deltadan howpsuzrakdygyny görkezýär


Britaniýada geçirilen iki ylmy barlag koronawirusyň omikron görnüşiniň ýowuzlygynyň delta görnüşine garanyňda pesräkdigini görkezýär.

Ýöne alymlar omikronda geçirilen barlaglaryň irki netijelerine seresap garamalydygyny, sebäbi entek bu netijeleriň beýleki hünärmenlere görkezilmändigini duýdurdylar we keseliň täze görnüşiniň ýokanç tolkunynyň deltanyňkydan pes bolmagyna bil baglamaly däldigini aýtdylar.

Alymlaryň pikiriçe, barlaglaryň 22-nji dekabrda çap edilen irki netijeleri omikronyň delta görnüşi ýaly zyýanly bolup bilmejekdigini öňe sürýän hünärmenleriň pozisiýalaryny güýçlendirýär, ýöne seresaplygy elden berip, aşa optimist bolmak gowy däl.

Alymlar omikronyň deltadan has çalt ýaýrandygyny we onuň sanjymlara kän baş bermeýändigini hem göz öňünde tutmalydygyny aýdýarlar.

Geçirilen barlaglaryň birinde Angliýada omikron näsaglarynyň hassahana ýerleşdirilmek töwekgelçiliginiň delta görnüşi bilen kesellänlere garanyňda 20% az boljakdygy çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG