Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýyllyk metbugat ýygnagyny geçirýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bu gezekki ýyllyk metbugat ýygnagyny rus goşunlarynyň Ukrainanyň golaýynda ýerleşdirilmegi we Kremliň niýetleri baradaky soraglaryň gürelen wagtynda geçirip, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek we ýurduň ykdysady ösüşini tijemek ugrunda edilýän tagallalary öwdi.

Putin 23-nji dekabrdaky ýygnagyň açylyşynda pandemiýa garşy göreşmek we Russiýanyň ykdysadyýetini gowşatmazlyk üçin edilýän tagallalary nygtamaga çalyşdy.

Ol ruslary sanjym almaga çagyrdy. Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Russiýa COVID-19 ýokuşmalaryny gözegçilik astynda saklamakda kynçylyk çekdi, muňa esasan ýurtda sanjym almaga ýaýdanýanlaryň köplügi sebäp boldy.

Şu wagta çenli ýurduň 146 million ilatynyň 50 göteriminden hem az adam doly sanjym edildi, ýogsa Russiýa bir ýyl mundan ozal koronawirus sanjymyny tassyklady we dünýäde ilkinjileriň biri bolup, olary öz halkyna elýeterli etdi.

Milli koronawirus maglumat merkeziniň maglumatyna görä, 23-nji dekabrda Russiýa 10,2 million adamyň bu derde ýolugandygyny, 300,000 adamyň bolsa ondan ölendigini habar berdi. Putin ýygnagyň açylyş pursatyndaky soraglaryndan peýdalanyp, Kremliň COVID pandemiýasynyň döreden ykdysady çökgünliginden üstünlikli geçendigini öňe sürdi.

Bu çäre Putiniň Russiýanyň syýasy durmuşynda oýnaýan roluny nygtamak üçin her ýyl diýen ýaly gurnalýan we TW arkaly köpçülige görkezilýän üç sany köpçülikleýin çäräniň diňe biri bolup durýar. Öňki ýyllarda bu metbugat ýygnagy üç sagatdan gowrak dowam eden bolsa, geçen ýyl 4 ½ sagat dowam etdi.

XS
SM
MD
LG