Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Täze žurnalistikanyň' esasyny goýan ýazyjy Joan Didion 87 ýaşynda aradan çykdy


Tanymal amerikan ýazyjysy, 1960-njy ýyllarda Los-Anjelsdäki durmuş barada ýazan oçerkleri bilen "täze žurnalistikanyň" esasyny goýan Joan Didion 23-nji dekabrda, 87 ýaşynda aradan çykdy.

Meşhur habarçy, film ssenaristi we ýazyjy Didion Nýu-Ýorkdaky öýünde, parkinson keseli sebäpli dörän kynçylyklar zerarly ýogaldy diýip, onuň neşirçisi aýtdy.

"Biz onuň ölümine gynanarys, ýöne onuň eserleriniň okyjylar we ýazyjylar nesillerine ylham berjekdigini bilip, durmuşyny baýram ederis" diýip, onuň “Penguin Random House” neşirýatyndaky redaktory Şelli Wanger ýazmaça beýanatynda aýtdy.

Didion 2013-nji ýylda prezident Barak Obama tarapyndan Milli sungat we gumanitar ylymlary medaly bilen sylaglandy.

Didionyň “Jadyly pikirleniş ýyly” atly bolan wakalara esaslanýan kitaby 2005-nji ýylda Milli kitap baýragyna (National Book Award) mynasyp boldy.

Bu eserde ol öz gyzynyň agyr kesellän we adamsynyň (Jon Gregori Dunne) ýürek keselinden ölen döwri barada, öz başdan geçirenleri esasynda bolan zatlary gürrüň berýär.

XS
SM
MD
LG