Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BBC-niň habarçysy Russiýany terk edip, Britaniýa aşdy


Andreý Zaharow (arhiw suraty)
Andreý Zaharow (arhiw suraty)

BBC-niň rus dilli gullugynyň Moskwadaky derňewçi habarçysy “öň görlüp-eşidilmedik derejede” özüniň yzarlanýandygyny aňandan soň, Russiýany terk edip, Londona aşandygyny aýtdy. Andreý Zaharow bu barada 27-nji dekabrda çap eden wideosynda mälim etdi.

Oktýabrda rus resmileri Zaharowa “daşary ýurt agenti” diýen tagmany dakdy. BBC bu karary düýpgöter ret etdi we ony ýatyrmak boýunça çäreleri görjekdigini aýtdy.

“Bu yzarlamalaryň näme bilen ilteşiklidigi häzirlikçe aýdyň däl. Ýagny, bu meniň ‘daşary ýurt agenti’ diýlip atlandyrylmagym ýa-da britan kärdeşlerim bilen Evil Corp haker topary baradaky taýýarlan maglumatym bilen hem bagly bolup biler” diýip, Zaharow aýtdy.

2019-njy ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň Maliýe departamenti Evil Corp topary bilen ilteşikli 17 şahsa we 7 gurama sanksiýalary girizdi. Bu topar “düýbi Russiýada ýerleşýän kiber-jenaýatçy gurama” hökmünde häsiýetlendirilip, onuň Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy bilen işleşip “göz öňüne hem getirip bolmajak derejede” kiber-jenaýatlary amala aşyrandygy bellenilýär.

Russiýa “daşary ýurt agenti” baradaky kanunyny 2012-nji ýylda kabul etdi. Ol hem ýurduň içinde, hem-de daşynda garaşsyz media we raýat jemgyýetine esassyz hüjüm etmek etmek üçin ulanylýandygy boýunça tankytlanýar.

XS
SM
MD
LG