Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Ýokary sudy Halkara Memorialy ýapdy


Gorag maskasynda "Memorialy gadagan edip bolmaz" diýen ýazgyly bir adam

Russiýanyň Ýokary sudy adam hukuklary boýunça belli Halkara Memorial guramasyny ýapmak barada höküm çykardy. Bu barada 28-nji dekabrda toparyň şahamçylarynyň biri mälim etdi.

“Russiýanyň Ýokary Sudy Halkara Memorialy ýatyrdy” diýip, adam hukuklary boýunça Memorial merkezi Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Prokurorlar bu işi jedelli “daşary ýurt agenti” baradaky kanunyň esasynda gozgadylar. Bu kanun Russiýadaky graždan jemgyýetini we media toparlaryny çäklendirmek üçin barha köp ulanylýar.

Hukuk toparlary guramany ýatyrmak üçin hiç hili kanuny esaslaryň ýokdugyny aýdýarlar. Gurama 1980-nji ýyllaryň ahyrlaryndan bäri Sowet Soýuzynyň jenaýatlaryny derňäp, olary hasaba aldy. Ol Russiýada we ozalky sowet respublikalarynda adam hukuklarynyň ilerlemegi boýunça hem işleri alyp bardy.

Olar Baş prokuraturanyň Halkara Memorialy ýatyrmak talabynyň ‘syýasy äheňlidigini’ aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG