Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Geňeşiniň komissiýasy "Memorialyň" ýatyrylmagy baradaky karary ýazgardy


Ýewropa Geňeşniň maslahat beriji guramasy, Wenesiýa komissiýasy diýlip tanalýan, hukuk arkaly demokratiýa boýunça Ýewropa Komissiýasy Russiýanyň Ýokary kazyýetiniň "daşary ýurt agentleriniň" sanawyna girizilen "Halkara Memorialy" ýatyrmak baradaky kararyny ýazgardy.

Komissiýanyň beýanatynda bu kararyň halkara ülňülerine ters gelýändigini aýdylýar.

Wenesiýa komissiýasy rus häkimiýetleriniň bu guramanyň bozandygyny aýdýan "daşary ýurt agentleri" kanunçylygyny "anyk däl we aşa giň" hasaplaýar.

"Islendik jeza düzgün bozma laýyklykda berilmeli we guramanyň ýatyrylmagy diňe demokratiýa howp salýan çynlakaý hukuk bozulmalaryna ýol berlen ýagdaýynda mümkin bolar" diýip, komissiýa "Memorialyň" Russiýanyň iň görnükli adam hukuklary guramalarynyň biridigini belleýär.

Komissiýanyň pikiriçe, hatda birnäçe gezek gaýtalanan administratiw düzgün bozmalary hem beýle guramanyň ýatyrylmagy üçin esas bolup bilmez. Şeýle-de olar Russiýanyň "Memorialyň" “daşary ýurt agentleri” baradaky kanunçylykdan eden şikaýatlaryny hasaba almandygyny bellediler.

XS
SM
MD
LG