Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň öňki milli howpsuzlyk işgärleri Russiýa garşy sanksiýalary aýan etmäge çagyrdy


ABŞ-nyň öňki milli howpsuzlyk işgärleriniň bir topary prezident Jo Baýdeni Russiýa Ukraina hüjüm eden halatynda Moskwa garşy giriziljek sanksiýalary çap etmäge çagyrdy diýip, “Associated Press” habar berýär.

Beýanata gol çekenleriň arasynda ABŞ-nyň Russiýadaky öňki ilçileri Maýkl MakFol we Aleksandr Werşbow we Kiýewdäki birnäçe ilçi bar.

Onuň awtorlarynyň pikiriçe, mümkin bolan ykdysady sanksiýalaryň jikme-jiklikleriniň aýan edilmegi Moskwanyň öňe dyzamak kararyna gelmezinden ozal Kremliň kararyna täsir eder.

Russiýanyň we Birleşen Ştatlaryň prezidentleri 30-njy dekabr agşamy telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Ak tamyň söhbetdeşlikden soň aýtmagyna görä, Jo Baýden Wladimir Putini Ukrainanyň töweregindäki dartgynly ýagdaýy gowşatmaga çagyrdy we, Ukraina garşy mundan aňryk hem agressiýa edilen ýagdaýynda, ABŞ-nyň Moskwa öz ýaranlary we hyzmatdaşlary bilen "aýgytly gaýtawul berjekdigini" aýtdy.

Kreml Moskwanyň "NATO-nyň gündogar tarapa giňelmeginiň we Russiýanyň serhedine ýakyn ýerlerde howp salýan ýarag ulgamlaryny ornaşdyrmagyň öňüni alýan berk kanuny kepillik almaga çalyşýandygyny"aýtdy.

XS
SM
MD
LG