Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Täze ýyla gabat Marsda düşüren täze suratlaryny çap etdi


Hytaý Täze ýyl mynasybetli Marsyň täze suratlaryny çap etdi. Olary “Tianwen-1” zondy surata düşürdi. Bu zond geçen ýylyň fewral aýyndan bäri Mars planetasynda Žurong ("Çžužun") marshody (awtoulagy) bilen bilelikde işleýär.

Suratlaryň geçirilmegi takmynan 20 minut wagt aldy. Suratlaryň arasynda Marsyň umumy görnüşi, marshoduň özi we planetanyň demirgazyk polýar görnüşi bar. Mundan başga, düşürilen suratlarda sowet dizaýneri Sergeý Korolew adyndaky krater we çägelikdäki “Olimpiýa” meýdançasy görünýär.

Hytaýyň Milli kosmos edarasy 2021-nji ýylyň maý aýynda ýurduň taryhynda ilkinji kosmos gämisiniň başga bir planetada üstünlikli gonandygyny yglan etdi.

“Tianwen-1” gämisi Marsyň demirgazyk ýarym şaryndaky Utopiýa düzlüginiň günorta bölegine awtomatiki usulda gonduryldy. Zond we marshod iş wagtynda Mars hakynda 560 gigabaýtlyk maglumat ýygnady.

Hytaý dünýäde başga bir planetanyň üstüne çykmagy başaran üçünji ýurt boldy.

Sowet Soýuzy 1970-nji ýylda ilkinji bolup Marsda “Wenera-7” kosmiki gämisini gondurdy. bilen ýumşak gonmagy başardy.

ABŞ-nyň “Wiking 1” enjamy ilkinji gezek Marsda 1976-njy ýylda peýda boldy. Mundan başga, Amerikanyň "Perseverance" enjamy 2021-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Marsda öz işini amala aşyrýar.

XS
SM
MD
LG