Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen häkimiýetleri Kadyrowlary 'görnükli adam hukuklaryny goraýjylar' diýip yglan etdi


Ramzan Kadyrow

Çeçenistanyň başlygy Ramzan Kadyrow we onuň ene-atasy sebitiň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili tarapyndan "görnükli adam hukuklaryny goraýjylar" diýlip yglan edildi.

Ombudsmen Nurdi Nuhažiýew 30-njy dekabrda Groznydaky dabarada çykyp gürläp,Kadyrowlar maşgalasynyň "adam hukuklaryny üpjün etmek we döwletliligi berkitmek işine ägirt uly goşant goşandygyny" aýtdy. Dabaranyň wideo ýazgysy respublikanyň "Grozny" teleýaýlymynda halka ýetirildi. Ramzan Kadyrowyň özi bu dabara gatnaşmady.

Kadyrowdan başga, onuň kakasy, Çeçenistanyň öňki prezidenti Ahmat Kadyrow we ejesi Aýmani Kadyrowa medal bilen sylaglandy. Ahmat Kadyrow 2003-nji ýyldan 2004-nji ýylyň maý aýynda öldürilýänçä Çeçenistanyň prezidenti boldy.

Biraz öň, Kadyrowyň medeniýet ministri bolup işleýän gyzy Aýşat Kadyrowa hem, "Adam hukuklaryny gorandygy üçin" diýen medal gowşuryldy.

Rus we halkara adam hukuklary toparlary çeçen häkimiýetlerini köp ýyl bäri adam hukuklaryny gödek bozmakda, şol sanda adam alyp gaçmak, gynamak, kazyýet karary bolmazdan jezalandyrmak, LGBT jemgyýetini yzarlamak ýaly aýyplarda aýyplaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG