Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Özbegistanyň benzin alýan esasy ýurtlarynyň biri boldy


2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistan 308,4 million litr benzin import etdi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 112 million litr köp benziniň import edilendigini görkezýär.

Döwlet statistika komitetiniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Özbegistan 115,3 million ABŞ dollary möçberinde benzin satyn aldy.

Häzirki wagtda Özbegistanyň benzin import edýän esasy ýurtlary Russiýa (145,3 million litr) we Türkmenistan (141,2 million litr) bolup durýar. Benzin import edilýän ýurtlaryň arasynda Gazagystan (16 million litr), Yrak (3,6 million litr), Eýran (1,8 million litr) hem bar.

Resmi maglumatlara görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistanyň özünde 1 million tonnadan gowrak benzin öndürilipdir.

XS
SM
MD
LG