Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şawkat Mirziýoew  Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefonda gürleşdi


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefonda gürleşdi. Bu barada dördünji gün Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

"Döwlet baştutanlary Gazagystandaky ýagdaýyň ýaýbaňlanyşy, ýagdaýy durnuklaşdyrmak we respublikada parahatçylygy we asudalygy gysga wagtda dikeltmek üçin görülýän çäreler barada pikir alyşdylar" diýip, habarda aýdylýar.

Özbegistanyň prezidenti "doganlyk halkyň we Gazagystanyň ýolbaşçylarynyň ýurtda durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna üýtgewsiz goldawyny ýene bir gezek tassyklady" diýip, habarda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG