Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Karim Masimow Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy


Karim Masimow

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň uzak wagtlyk egindeşi Karim Masimow Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň (MHK) başlygy wezipesinden boşadyldy.

Bu wezipä Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy bolup işleýän Ermek Sagimbaýew bellenildi.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bu kadr çalyşmalaryna degişli kararlary 6-njy ýanwarda Akordanyň web sahypasynda çap edildi.

Gazagystanyň ýörite gulluklarynyň başlygynyň çalşylýandygy baradaky habar sebitlerde köşeşmeýän protestleriň we Almatydaky şäher komendaturasynyň “terrorçylyga garşy ýörite operasiýalara” başlamagynyň fonunda çap edildi.

56 ýaşly Karim Masimow 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri Gazagystanyň hökümetinde ýokary wezipelerde işledi, ozal iki gezek - 2007-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli, şeýle-de 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli respublikanyň premýer-ministri bolup işledi.

2016-njy ýylyň sentýabr aýyndan bäri ol Gazagystanyň ýörite gulluklaryna ýolbaşçylyk edýärdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG