Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Talyban" hökümetiniň başlygy gumanitar kömek iberen Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi


Türkmenistan 14-nji dekabrda owgan halkyna azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwer kömegini ugratdy. Owganystanyň esasan demirgazyk sebitlerinde etniki türkmen ilaty köplük bolup ýaşaýar. 14-nji dekabr, 2021 ý. Demirgazyk Owganystan.

Owganystandaky "Talyban" hökümetiniň başlygy Muhammad Hasan Ahund Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa dekabr aýynda Owganystana iberilen gumanitar kömek üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, hökümetçi “Orient” saýty habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, minnetdarlyk sözleri türkmen metbugatynda çap edildi we owgan resmisi Türkmenistanyň ýurda nebit-gaz önümlerini, egin-eşik we azyk önümlerini iberip, uly goldaw berýändigini aýtdy we munuň kyn döwürde doganlyk halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň ynamdar subutnamasy bolandygyny belledi.

Bu habar türkmen-owgan serhedinde bolan ganly waka we çaknyşyk barada çykan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Hamýap etrabynyň ýaşaýjylary golaýda Garkyn etrabynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän araçäginde türkmen serhetçileri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda çaknyşyk bolandygyny habar berdiler.

Bu habar soňra owgan mediasy tarapyndan tassyklanyldy. “TOLOnews” habar saýty ýerli “Talyban” häkimiýetlerine salgylanyp, türkmen serhetçileri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda 3-nji ýanwarda bolan çaknyşyk barada habar berdi.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy 4-nji ýanwarda resmi beýanat çap edip, türkmen-owgan serhedinde çaknyşyk bolandygyny ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG