"Talyban" telewideniýede göni geçirilen çekişmede “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümeti aç-açan tankyt eden tanymal uniwersitet professoryny tussag edip, içerki we halkara tankytlarynyň uly akymyna we onuň howpsuzlygy barada alada döremegine sebäp boldy.
Kabul uniwersitetiniň professory Faizullah Jalal 8-nji ýanwarda Kabuldaky öýünde tussag edildi we näbelli tarapa alnyp gidildi diýip, onuň gyzy Hasina Jalal Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy üçin bu habary tassyklanda aýtdy.
Hukuk we syýasat ylymlarynyň professory 20-nji noýabrda telewideniýede görkezilen göni ýaýlym gepleşiginde "Talybanyň" metbugat wekili Muhammad Naim bilen gyzgyn çekişmä girip, "Talybany" berk tankyt etdi.
"Men Kabuldaky häzirki ýagdaý sebäpli azap çekýärin” diýip, Jalal aýtdy we “Talybany” häkimiýeti monopoliýa astyna almakda we söz azatlygyny bogmakda aýyplady.
“Adamlaryň iýere hiç zady zat ýok. A howpsuzlyk nähili ýagdaýda? Hiç kim hiç zat aýdyp bilmez” diýip, ol "Talybanyň" metbugat wekili Naimi “göle” diýip atlandyrdy. Bu Owganystanda samsyk ýa-da akmak diýmegi aňladýar.
Bu sözler Naim Jalalyň akyl taýdan sagdynlygyny sorag astyna alyp, onuň kommunistdigini öňe sürenden soň aýdyldy. Jalalyň bu sözleri aýdýan wagtyndaky klipleri sosial mediada ýaýradylyp, köp owganlynyň onuň batyrgaýlygyna alkyş aýtmagyna sebäp boldy.
Raýdaşlyk alamatyny görkezip, owganystanlylaryň käbiri onuň suratlaryny sosial media sahypalaryna görkezdiler.
Talybanyň baş metbugat sekretary Zabihullah Mujahid Jalalyň tussag edilendigi baradaky nägilelige twitter arkaly jogap berip, professoryň esassyz sözleri we adamlary “Talybana” garşy öjükdirendigi üçin tussag edilendigini öňe sürdi.