Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​​​​​​​KHŞG liderleri wideoaragatnaşyk arkaly Gazagystandaky krizisi maslahat edýär


KHŞG-nyň Gazagystan missiýasynyň çäginde rus desantçylary Gazagystana gitmek üçin harby kargo uçaryna münýär.
KHŞG-nyň Gazagystan missiýasynyň çäginde rus desantçylary Gazagystana gitmek üçin harby kargo uçaryna münýär.

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) liderleri Gazagystandaky tolgunyşyklary maslahat etmek üçin 10-njy ýanwarda wideo konferensiýa geçirýär.

Döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligine görä, 9-njy ýanwarda Kremliň metbugat sekretary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň maslahata gatnaşjakdygyny tassyklady.

Gazagystanda ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagyna garşy geçirilen demonstrasiýalar awtokratik ýurduň hökümetine garşy umumy protestler bilen utgaşandan soňra, ýurt birnäçe gün bäri tolgunyşykdan ejir çekýär.

Gazak hökümeti Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Ermenistandan ybarat alty agzaly Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan ýardam haýyş etdi.

XS
SM
MD
LG