Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň kazyýet işgärleri seýrek protest geçirip, aýlyklarynyň ýokarlandyrylmagyny talap edýär


Illýustrasiaý suraty. Eýranda bir kazyýet binasy.

Eýranda ýüzlerçe kazyýet işgäri öňki hökümet wadalaryna garamazdan, zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmaýandygyna protest bildirip, iki gün bäri Tährandaky parlament binasynyň öňünde ýygnanyşýar.

Seýrek demonstrasiýa gatnaşanlaryň köpüsi 9-njy ýanwarda parlamentiň spikeri Mohammad Bakir Galibafa gahar-gazap beýan etdiler we “ýalançy, ýalançy”, “Galibaf masgara” diýip gygyryşdylar.

Awgustda prezident wezipesine girişen aşa konserwatiw Ebrahim Raisi kazyýet başlygy wezipesinde işleýän döwrüniň soňky hepdelerinde zähmet haklarynyň ýokarlandyryljakdygyny teklip etdi.

Emma täze hökümet, esasan ABŞ-nyň 2018-nji ýylda ýadro şertnamasyndan çekilip, gaýtadan girizen sanksiýalary sebäpli dörän agyr ykdysady kynçylyklar sebäpli aýlyklary ýokarlandyrmakdan ýüz öwrüp gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG