Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tolgunyşyklardan soň Almatyda Internet gaýtadan ýola goýuldy


Bir harby gullukçy merkezi Almatyda patrullyk edýär. 8-nji ýanwar, Almaty. Gazagystan.

Gazagystanyň iň iri şäheri bolan Almatyda Internet aragatnaşygy gaýtadan ýola goýuldy. 1,8 million ilatly bu täjirçilik şäherinde adam ölümlerine getiren tolgunyşyklar sebäpli bäş günläp Internet öçürildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy 10-njy ýanwarda irden Internet aragatnaşygynyň işläp başlandygyny habar berdi, ulanyjylar web-saýtlara we messenjerlere gaýtadan girip bildi.

Protestleriň fonunda ýurtda Internet çäklendirilipdi we telearagatnaşyk hyzmatlary bölekleýin hödürlendi, bu ýagdaý geçen hepde ýurt boýunça dörän protest bilen bagly ýagdaýlara düşünmekde köplenç päsgelçilik döretdi.

Almatyda Internet hyzmatlarynyň dikeldilmeginiň hemişelikdigi ýa-da däldigi nämälim galýar.

Soňky birnäçe gün bäri Internet beýleki şäherlerde, şol sanda Nur-Sultanda günüň dowamynda bary-ýogy birnäçe sagat elýeterli boldy.

8-nji ýanwarda elektron aragatnaşygyndan jogapkär hökümet ministri zorlukda aýyplanýan “hüjümçileriň” Internet hyzmatlaryndan hyýanatly peýdalanmaklarynyň öňüni almak üçin, bu hyzmatlaryň şäherlerde “tapgyrlaýyn” ýola goýuljakdygyny aýtdy.

Internet çäklendirmeleri millionlarça adama täsir etdi, bu ýagdaý diňe bir maglumaty we habarlaşmagy däl, eýsem, bank we töleg hyzmatlaryndan peýdalanylmagyny hem çäklendirdi.

Almatyda Internet jemi 111 sagat petik astynda galdy. Ýöne geçen hepde prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň hökümeti işden boşadýandygyny yglan etmegi üçin hem-de döwlet howpsuzlygyndaky ýolbaşçy çalşygyny habar bermek üçin Internet dört sagat töweregi dikeldilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG