Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda Gazagystandaky wakalar barada ýazýan blogçylar "professional gepleşiklere" çagyryldylar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanda Gazagystanda bolup geçen wakalary beýan etmäge synanyşan käbir blogçylaryň hem žurnalistleriň howpsuzlyk güýçlerine çagyrylandygyny Azatlyga habar berdiler. Ol ýerde olara "bu temadan az ýazmak", "wideo ýazgylary ýaýratmazlyk" hem-de "ýygnanyşyklara çagyrmazlyk" barada aýdylypdyr.

Adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş edip, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen gürrüňdeş bolan blogçylardan biri goňşy ýurtdaky bolup geçýän wakalary beýan etmäge gadaganlyk Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy tarapyndan girizilendigini aýtdy.

— Telewideniýede işleýän bir dostum şeýle buýrugyň ýörite gullukdan gelendigini aýtdy. Mundan başga-da, Maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk gullugynyň wekilleri hem munuň ýörite gullugyň buýrugydygyny aýtdylar – diýip, bloger sözüne goşdy.

Azatlygyň redaksiýasyna ýüz tutan andijanly söhbetdeş hem Döwlet howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň we etrap gözegçisiniň Gazagystanda bolup geçen wakalar baradaky ýazgylary sebäpli ondan ýazmaça düşündiriş talap edilendigini aýtdy. Sosial ulgamlaryň Özbek segmentinde tanalýan başga-da birnäçe aktiwist soňky günlerde näbelli ulanyjylardan haýbat atylandygyny aýdýarlar.

Özbegistandaky sosial ulgamlary işjeň ulanyjy başga bir söhbetdeşimiz "Özbekler haçan oýanarka?" ady bilen galdyran ýazgysy sebäpli, "gürleşmek" üçin içeri işler bölümine çagyrylandygyny Azatlyga gürrüň berdi.

— Bu ýazgy sebäpli maňa: "Şeýle howply zatlar ýazma, gazaklar hakda ýazma, ýuwaş gez" diýdiler. Soň bolsa meni dilhaty ýazmaga mejbur etdiler. Men ol hatda Gazagystanda bolup geçen wakalary beýan etmezlige borçlanýandygymy we jogapkärçilik barada duýduryş alandygymy ýazdym. Bir söz bilen aýdylanda, olar meniň bilen öňüni alyş çäreleri barada söhbetdeşlik geçirdiler – diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, "düşündiriş işleri" diňe bir Gazagystanda bolup geçen wakalary beýan edýänler bilen däl, eýsem öz pikirini ýiti beýan edýänler we blogçylaryň ýazgylarynyň aşagynda teswir ýazýanlar bilenem alnyp barylýar.

Azatlyk Radiosynyň belleýşi ýaly, Özbegistanyň merkezi metbugaty Gazagystanda bolup geçen ýanwar wakalary hakda, örän çäklendirilen maglumatlary berdi, goňşy ýurtdaky protestler barada diňe ýörite rugsat alanlara ýazmaga rugsat berildi.

Özbegistanyň Içeri işler ministrligi blogçylaryň we žurnalistleriň gepleşik üçin içeri işler edaralaryna çagyrylmagy baradaky maglumatlara teswir bermedi. Azatlyk Gazagystanda bolup geçen wakalardan ozal hem Özbegistanda blogçylara we sosial media aktiwistlerine edilýän basyşyň artandygyny habar beripdi.

Golaýda Özbegistanda geçirilen prezident saýlawlarynda, “Serhetsiz reportýorlar” atly halkara gurama žurnalistlere we blogçylara, şeýle hem ýurduň içindäki internete gözegçiligiň güýçlenýändigini belläp geçdi. 2021-nji ýylda Özbegistan metbugat azatlygy sanawynda öňki 157-nji ornundan, 180-nji orna düşdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG