Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ölüm halyndaky" ýagdaýda häkimiýet ugrunda göreş we beýleki çaklamalar. Gazagystanda bolup geçen wakalaryň aňyrsynda nämeler bar?


Nursoltan Nazarbaýewiň Taldykorgan şäherinde ýykylan ýadygärligi
Nursoltan Nazarbaýewiň Taldykorgan şäherinde ýykylan ýadygärligi

Gazagystanda birnäçe gün dowam eden bidüzgünçiliklerden soň, demonstrasiýalar rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy. Şeýle hem ýurtda režimiň içinde prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen ondan öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň arasynda göreş barýandygyna alamatlar bar.

Gazagystandaky parahatçylykly başlanan protestler çaltlyk bilen bütin ýurdy gurşap aldy hem hökümete garşy uly zarba öwrüldi. Munuň aňyrsynda bolsa düýbünden başga bir zat gizlenýär – iň ýokary güýçlere gözegçilik etmek üçin göreş barýar.

Soňky günlerde kyn sosial-ykdysady şertlere garşy onlarça şäherde geçirilen köpçülikleýin tolgunyşyklar ikinji plana geçdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň administrasiýasy bilen ýurduň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň tarapdarlarynyň arasyndaky güýç göreşi esasy meselä öwrülip başlady.

Milli howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygy Karim Masimowyň döwlete dönüklikde güman edilip tussag edilmegi baradaky 8-nji ýanwarda berlen habar howpsuzlyk güýçleriniň "terrorçylyga garşy" operasiýalaryny dowam etdirýän wagtynda, iň ýokarky güýçleriň arasynda garşylygyň bardygyna açyk subutnama boldy.

PARTIÝA NÄHILI ÖWRÜM EDÝÄR

Nazarbaýewiň iň ýakyn tarapdarynyň tussag edilmegi, bu Tokaýewiň öz häkimiýetini berkitmekdäki möhüm hereketi saýylýar. Bu işde esasy tutaryk hökmünde, hamana, içerki aňtaw we howpsuzlyk güýçleriniň "daşary ýurtda tälim alan terroristleriň" öňüni almakda goýberen şowsuzlygyndan peýdalandy diýilýär. Tokaýew hut şol adamlar bidüzgünçilikleriň arkasynda durýarlar diýip hasaplaýar, munuň üçin hökümeti Nazarbaýewiň tarapdarlaryndan arassalamaly.

30 ýyl töweregi, ýagny 2019-njy ýyla çenli Gazagystany dolandyran 81 ýaşly Nazarbaýew işinden aýrylandan soňra-da möhüm wezipeleri eýeledi. Onuň özi hem maşgalasynyň käbir agzalary güýçli täsirini dowam etdirýärler. Tankytçylar we analitikler köplenç Tokaýewi ýaňsa alyp, ony öňki prezidentiň "oýunjagy" diýip atlandyrdylar, köpler henizem Gazagystany dolandyrýanyň öňki prezidentdigine ynanýardylar.

Köpçülikleýin nägilelikleriň başlanmagy bilen soňky wakalar sebäpli Nazarbaýewiň 5-nji ýanwarda Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesinden çekilmegi hem-de Karim Masimowyň tussag edilmegi Tokaýewiň "köşgi arassalaýandygynyň" ilkinji alamaty boldy.

Masimow 20 ýyldan gowrak wagt bäri gaty täsirli şahs bolup geldi. Nazarbaýew döwründe iki gezek premýer-ministr bolup işledi. Ondan öň Transport we aragatnaşyk ministri, Ykdysadyýeti we býujeti planlaşdyryş ministri, Döwlet sekretary we prezident Nazarbaýewiň administrasiýasynyň başlygy, 2016-njy ýylda bolsa KNB ýolbaşçylyk etdi.

Onuň döwlet gullugyndan öňdäki wezipeleri beýle bir möhüm däldi, ol Hytaýy öwreniji hökmünde 1990-njy ýyllaryň başynda Pekinde we Honkongda Gazagystanyň söwda-kommersiýa işlerine wekilçilik etdi. Şol döwürde-de ol Nazarbaýewiň pul serişdelerini Honkong banklaryna geçirmekde möhüm rol oýnandyr diýlip çaklanýar.

Masimowyň tussag edilendigi hem onuň agyr jenaýatlarda güman edilmegi Nazarbaýew üçin ýakymly bolmasa gerek. Bu şeýle hem protestleriň başyndan bäri hiç biri köpçülige çykmadyk baý maşgalanyň täsirli agzalary üçinem gowy däl.

Bu ýagdaý Tokaýewiň Nazarbaýewi we onuň mirasdarlaryny gysýandygy baradaky myş-myşlary tutaşdyrdy.

NAZARBAÝEW NIREDE?

Ýagdaýyň barşyndan, iki lideriň arasynda haýsydyr bir problemanyň bardygy hakdaky myş-myşlary ýok etmek üçin, Nazarbaýewiň metbugat wekili Aýdos Ukibaý "elbasy birnäçe maslahatlar tapgyryny geçirip, göni aragatnaşykda" Tokaýew bilen gatnaşygy saklaýar diýdi. Ol habar serişdelerine ýüzlenip, "ýalan we spekulýatiw maglumatlary" ýaýratmazlyga çagyrdy. Iň esasy-da, Nazarbaýewiň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesini Tokaýewe meýletin bermegini nygtady.

Beýleki bir twitinde Ukibaý "Nazarbaýew Gazagystana dost döwletleriň ýolbaşçylary bilen birnäçe gezek telefonda gürleşdi" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Nazarbaýewiň Russiýa ýa-da Hytaý ýaly goňşy döwletleriň ýolbaşçylary bilen gürleşendigi barada resmi habar ýok. Ol döwletleriň ýolbaşçylarynyň Tokaýew bilen gepleşik geçirendigi aýdyldy. Ýöne 5-nji ýanwarda Belarusdaky režimiň lideri Aleksandr Lukaşenkanyň Gazagystanyň öňki prezidenti bilen hakykatdanam telefonda gepleşendigi öňe sürdi.

Ukibaý şeýle hem Twitterde: "Elbasy hemmeleri häzirki kynçylyklary ýeňip geçmek we ýurdumyzyň bitewiligini üpjün etmek üçin, Gazagystanyň prezidentiniň töweregine jemlenmäge çagyrýar" diýdi.

Öňki prezidentiň metbugat wekiliniň teswirleriniň täsirli tarapy – Nazarbaýew henizem "milletiň lideri" hökmünde tanalýar, ol Tokaýew bilen aragatnaşyk saklaýar hem bu kynçylykly ýagdaýda, ýurduň gözegçiligini gaýtadan ele almak üçin, demonstrantlary basyp ýatyrmak ugrundaky tagallalary goldaýan ýaly görünýär. Netijede, demonstrasiýalarda köp adamyň ölendigi resmi taýdan aýdyldy, ýüzlerçe adam ýaralandy, müňlerçe adam tussag edildi we emläk zyýany ýüzlerçe million dollara baryp ýetdi.

Gazagystanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetiriji Kasym-Žomart Tokaýew (çepde) hem Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Nur-Sultanda geçen Astana ykdysady forumyna gatnaşýarlar. 2019-njy ýylyň 16-njy maýy.
Gazagystanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetiriji Kasym-Žomart Tokaýew (çepde) hem Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Nur-Sultanda geçen Astana ykdysady forumyna gatnaşýarlar. 2019-njy ýylyň 16-njy maýy.

Internetiň döwlet tarapyndan petiklenmegi we Gazagystandaky ýygy aragatnaşygyň kesilmegi sebäpli, ýitgiler barada aýdylýan sanlary barlap bolmaýar. Aragatnaşygyň köpçülikleýin öçürilendigi üçin, bölekleýin gelýän maglumatlara görä, ýitgileriň has uludygy çaklanýar.

Krizisiň dowamynda Nazarbaýew ne göründi, ne-de onuň sesi eşidildi, ýöne munuň özi onuň bilen baglanyşykly bir zadyň näsazdygyny ýa-da dymmaga mejbur edilýändigini görkezmeýär. Soňky ýyllarda Gazagystanda tolgunyşyklar ýüze çykanda, Nazarbaýewiň gözden ýitmek endigi bar.

OWAL BAŞDA

Täze ýylyň yzysüre, ýangyjyň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagyna garşy günbatardaky nebitçiler şäheri Žanaözende başlanan parahatçylykly garşylyk örän çalt ýagdaýda, ykdysady kynçylyklara baryp ýetdi hem syýasy gatlagyň gatnaşygy bolmazlygy sebäpli nägilelik ýokarlandy.

Tokaýew ýangyjyň bahasyny arzanlatmagy buýurdy we bidüzgünçilikleri köşeşdirmek, birdenkä ösüp barýan garşylyklary saklamak üçin, hökümetiň işinden çekilmegini kabul etdi.

Emma 5-nji ýanwarda Gazagystanyň prezidenti öz äheňini üýtgetdi: demonstrasiýalaryň aňyrsynda “daşary ýurtda tälim alan” “terroristleriň” durýandygyny yglan etdi hem-de muny bahana edip, ýörite operasiýalary geçirmäge buýruk berdi. Netijede, bidüzgünçilikler tutuş ýurdy gurşap alansoň, Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyny (KHŞG) kömege çagyrdy.

2019-njy ýylda Tokaýewiň prezident wezipesini ýerine ýetiriji bellenmeginden soň, Gazagystanda täze närazylyk döwri başlandy. Kanun goraýjy we howpsuzlyk güýçleri köpçüligiň närazylygyny basyp ýatyrmakda, ýüzlerçe raýaty çaltlyk bilen tussag etmekde, hatda ýörişlerden ozal tussag etmekde has işjeň boldular.

Iň soňky dörän demonstrasiýalarda hiç bir anyk lider görünmedi, ol birden, öz-özünden döredi, ýöne geň tarapy, demonstrantçylar şäher köçelerinden geçip, esasy meýdançalara ýygnananlarynda, häkimiýetler haýal hereket etdiler, ikirjiňlenýärdiler hem owal başda bidüzgünçilikleri basyp ýatyrmak üçin, jeza beriji güýçleri ulanmadylar.

«20 000 TERRORÇY»

5-nji ýanwarda agşam, Almatyda müňlerçe demonstrantyň arasynda ýaragly adamlar peýda boldy. Olar howpsuzlyk güýçleri bilen ýaragly çaknyşdylar, hökümet binalaryna hüjüm edildi we binany oda berdiler, söwda merkezleri talandy.

Zorlugyň arkasynda kimiň durandygy entek belli däl, muňa garamazdan Gazagystanyň resmileri soňlugy bilen ol adamlaryň kimdigi we olary beýle herekete nämäniň iterendigi barada, öz wersiýalaryny aýtsalar gerek.

Tokaýew diňe Almaty şäherine “20 000 terrorçy” hüjüm etdi diýip, beýanat ýaýratdy hem-de 7-nji ýanwarda "terrorçylyk howpunyň" "gyzyl çyzykdan" geçendigi üçin, tutuş ýurt boýunça göreş yglan edilendigini mälim etdi.

Soňra prezident howpsuzlyk güýçlerine "duýduryş bermezden atmaga" ygtyýar berendigini aýtdy.

Ownuk oppozisiýa toparlarynyň iň kiçi tagallalarynyň hem öňüni almakda aşa işjeňlik görkezýän howpsuzlyk gullugynyň ünsüni özüne çekmezden, şeýle köp sanly "terroristiň" Gazagystanda nädip peýda bolup bilşine düşünmek gaty kyn.

7-nji ýanwarda Tokaýew twitter hasabynda Almatyda terrorçylykly hüjümleriň jemi "alty tolkunynyň" bardygyny ýazdy hem ýene bir gezek 20 müň adamy azap, "olardan käbiri gazak dilinde gürlemeýär", "polisiýa işgärlerini we ýaş esgerleri urdular we öldürdiler... hususy jaýlary we dükanlary taladylar, parahat ilaty öldürdi [we] ýaş aýallary zorladylar" diýip ýazdy.

Bu twitler soň pozulyp aýryldy.

Aýdylýan bir teoriýa laýyklykda, ýaraglylar we talaňçylyk edenler Nazarbaýewiň döwründe gülläp ösen guramaçylykly jenaýat toparlarynyň agzalary bolmaly, olar öňki prezidenti we onuň töweregindäkileri häkimiýetden çetleşdirmezlik üçin, her nähili ýol bilenem bolsa, garşy durmagy üçin boşadylypdyr diýilýär.

Bu çaklama Nazarbaýewiň dogany Bolat, şeýle-de KNB-nyň başlygynyň orunbasary bolup işleýän ýegeni Samat Abiş (Nazarbaýewiň merhum dogany Satybaldynyň ogly) we ýaragly birleşmeler bilen baglanyşdyrylýar.

Ilkibaşda Abişiň 5-nji ýanwarda wezipesinden boşadylandygy habar berildi, ýöne 8-nji ýanwarda KNB-niň metbugat gullugy bu maglumaty "ýalana" çykaryp, Abişiň henizem öz wezipesinde galýandygyny aýtdy. Görnüşinden, onuň wezipesiniň dikeldilmegi Nazarbaýewiň häkimiýeti elde saklaýandygy baradaky myş-myşlary döretdi.

NÄME ÜÇIN ŞOL WAGTDA?

Gep-gürrüňleriň ýaýramagyna režimiň içindäki dawa-jenjeller sebäp bolýar. Köpler bu demonstrasiýalaryň häkimiýeti ele geçirmek üçin ulanylandygyny çaklaýarlar.

1990-njy ýyllarda Nazarbaýewiň döwründe premýer-ministr bolup işlän we häzirki wagtda daşary ýurtda ýaşaýan Akežan Kažegeldin howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Tokaýewe garşy "dildüwşük" bardygy hakda öz pikirini aýtdy, öz güýç ulanyjy bölümlerine ynamyny ýitirensoň, Tokaýewiň KHŞG-den kömek sorap, ýüz tutmagyny muňa sebäp edip düşündirdi.

Kažegeldin ýerli kanun goraýjy güýçleriň bellenen komendant sagadyndaky borjuny ýerine ýetirip bilmezligini öňe sürmek bilen "Almatydaky KNB [binasynyň] talanyp, ýaragyň näbelli adamlaryň eline düşmegine" geň galýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem, köpler Tokaýew bilen Nazarbaýewiň 27-nji dekabrda Moskwa eden saparynyň wideo ýazgysyny ara alyp maslahatlaşýarlar, şonda Nazarbaýewiň salynyň gowşakdygy görkezilýär. Bu bolsa käbir adamlarda Nazarbaýewiň ölüminiň ýakynlandygy baradaky pikiri döretdi. Şoňa görä, onuň tarapdarlary Tokaýewi agdarmak üçin, bidüzgünçiliklerden peýdalanjak bolnandyr diýilýär.

Käbirleri Tokaýewiň adamlary Nazarbaýewiň ölmezinden ozal häkimiýeti güýçlendirmek üçin, şeýle hereket edendigini aýdýarlar.

Käbir adamlar Russiýanyň meseläni çalt çözer ýaly, Gazagystana KHŞG bölümlerini ibermek üçin gurnalandygyny aýdýarlar. 30 ýyl öň KHŞG döredileli bäri ilkinji gezek Kremliň Tokaýewi goldaýandygyny görkezmek üçin, parahatçylygy goraýyş güýçlerini ibermäge mümkinçilik aldy.

Nazarbaýew bilen Tokaýewiň birnäçe güýçli adamdan dynmak üçin, bilelikde hereket edendigini öňe sürýän teoriýa hem bar.

Geljekki günlerde bolup geçen wakalar bilen baglanyşykly täze maglumatlaryň peýda bolmagy, şeýle hem ýagdaýyň barşy, şübhesiz, käbir gelnen netijeleriň üsti ýetirer ýa-da ony ret eder, belki-de, köşkde barýan aýlawly oýunlaryň sanyny köpelder.

Howpsuzlyk güýçleri Tokaýew tarapyndan aýdylan "daşary ýurtda tälim alan terroristleri" gözleýän wagtynda, Nur-Sultanyň häkimiýet zallarynda, ýurduň geljekki birnäçe aýynyň, belki-de ýyllaryň takdyryny kesgitleýän söweşiň barýandygyny aýtmak hakykata laýyk bolsa gerek.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG