Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Türkiýe bilen gepleşikleriň gatnaşyklary we serhetleri açmagyna garaşýar


Türkiýäniň wekili Serdar Kiliç (çepde) we Ermenistana wekilçilik edýän Ruben Rubinian 14-nji ýanwarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada Moskwada gepleşik geçirer.
Türkiýäniň wekili Serdar Kiliç (çepde) we Ermenistana wekilçilik edýän Ruben Rubinian 14-nji ýanwarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada Moskwada gepleşik geçirer.

Ermenistan Türkiýe bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we, 14-nji ýanwarda gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça Moskwada başlanjak gepleşikler netijesinde, iki ýurduň arasyndaky serhetleriň açylmagyna garaşýar diýip, Ermenistanyň Daşary işler ministrligi aýdýar.

Bu iki ýurt arada ençeme ýyllap dowam eden duşmançylykdan soň gatnaşyklary düzetmäge synanyşýar.

Günorta Kawkaz sebitinde has giň sebitara parahatçylyk tagallalarynyň bir bölegi hökmünde geçiriljek gepleşikleriň birinji tapgyry Russiýanyň araçylygynda başlanar.

Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wahan Hunanýanyň aýtmagyna görä, Ermenistan türk hökümeti “gepleşikleri deslapky şert goýmazdan başlamaga razy" diýip pikir edýär.

Hunanýan Russiýanyň bu duşuşygyň beýemçisi hökmünde çykyş etjekdigini we gepleşikleriň birinji tapgyrynyň gözleg-agtaryş häsiýetinde boljakdygyny belledi.

"Bir duşuşygyň netijesinde görnetin netijelere ýetip boljagyna garaşmak kyn, ýöne proses başlanar" diýip, ol aýtdy.

Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar taryhy taýdan çylşyrymly bolmagynda galýar, ýöne Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda 2020-nji ýylda 30 ýyla golaý etniki ermenileriň gözegçiliginde saklanan Dagly-Garabag üstünde bolan alty hepdelik söweş sebit dinamikasyny üýtgedi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 13-nji ýanwarda Türkiýäniň “Ermenistan bilen aradaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak işine başlandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG