Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" wekilleri Aşgabatda TOPH we söwda barada gepleşik geçirer

Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky "Talyban" topary Türkmenistana sapara barýar diýip, “Report” Orsýetiň “Nowostä” salgylanyp habar berýär.

Rus habar gullugynyň maglumatyna görä, saparyň dowamynda söwda, energiýa we TOPH gaz geçirijisi boýunça gepleşik geçiriler.

Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen pakistana we Hindistana çekilmeli 1 735 kilometrlik gaz geçirijisi gurulsa, Aşgabadyň ýene-de ýylda 33 milliard kub metr gaz eksport etmegine mümkinçilik döreder. Bu taslamanyň çak edilýän bahasy 8-10 milliard dollar aralygynda bolup, onuň uzak wagt bäri başa barmazlygynyň bir sebäbi howpsuzlyk meseleleri bolsa, ikinji sebäbi maliýe serişdeleri bilen bagly.

Şol bir wagtda, synçylaryň käbiri bu taslamanyň ykdysady manysyny sorag astyna alýar.

UrduPoint neşiriniň ýazmagyna görä, “Talybanyň” Aşgabada iberen wekiliýeti türkmen tarapynyň çakylygy esasynda barýar.

XS
SM
MD
LG