Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Nawalny we onuň ýaranlary 'dowzah azabyny’ çekýär


Nawalny 2021-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Moskwanyň Şeremetýewo howa menzilinde tussag edildi.
Nawalny 2021-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Moskwanyň Şeremetýewo howa menzilinde tussag edildi.

“Amnesty International” Alekseý Nawalnynyň tussag edilmeginiň ilkinji ýyl dönümine gabat, halkara jemgyýetçiligini we dünýä ýüzündäki adamlary rus häkimiýetlerini oppozisiýa syýasatçysyny boşatmak we onuň egindeşlerine garşy alnyp barylýan "görlüp-eşidilmedik repressiýa we öç alyş kampaniýasyny" bes etmek baradaky çagyryşa goşulmaga çagyrdy.

Halkara günä geçiş guramasynyň aýtmagyna görä, bu repressiýa we ar alyş kampaniýasy ýurtda “pikir beýan etmek we bileleşmek hukuklarynyň ähli galyndysyny” ýok etdi.

Nawalny 2020-nji ýylyň awgust aýynda Sibirde zäherlenip, Germaniýada saglygyny bejerdip gelenden soň, Moskwa aeroportynda tussag edilen kreml tankytçysy, onuň tarapdarlary, Russiýanyň raýat jemgyýeti guramalary “yzygiderli repressiýa gysaçlaryna sezewar boldular” diýip, "Amnesty International" guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Mari Struthers 17-nji ýanwarda eden beýanatynda aýtdy.

"Nawalnynyň onlarça ýarany we tarapdarlary galp aýyplamalar bilen kazyýet jogapkärçiligine çekilýär, şol bir wagtda-da olaryň türmede oturanlarynyň sany köpelýär" diýip, Struthers rus häkimiýetleriniň olaryň "guramalaryny “ekstremist” diýip tagmalandygyny we web sahypalaryny petikländigini” hem sözüne goşdy.

Nawalnynyň käbir egindeşleri syýasy yzarlamalardan gorkup, ýurtdan gaçyp çykdy. Emma “indi olar Russiýadaky garyndaşlarynyň esassyz kazyýet jogapkärçiligine çekilmeginden we azatlykdan mahrum edilmeginden gorkýarlar" diýip, ol kreml tankytçysynyň tussag edilmeginiň bir ýyllygyna gabatlap, Nawalnynyň we onuň bilen syýasy ýoldaş bolan adamlaryň “dowzah azabyny çekýändigini” aýtdy.

Nawalny 2021-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Moskwanyň Şeremetýewo howa menzilinde tussag edildi we iki hepde soň, Moskwa kazyýetiniň karary esasynda, Germaniýada bolýan wagtynda, syýasy hasaplanýan aýyplamalar esasynda çykarylan şertli tussaglyk höküminiň düzgünlerini bozmakda günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edildi. Ol ozal kezzaplykda aýyplanyp, 3,5 ýyl şertli tussaglyga höküm edilipdi we indi şol möhletiň 2,5 ýylyny türmede oturmaly edildi.

Oppozisiýa syýasatçysy özüniň ölüm howply nerw agentiniň “Nowiçok” görnüşli bilen zäherlenmeginiň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan buýrulandygyny öňe sürdi. Kreml Nawalnynyň zäherlenmeginde hiç hili rolunyň ýokdugyny aýdyp, bu aýyplamany ret etdi.

XS
SM
MD
LG