Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sankt-Peterburgda bir türkmenistanly ýüzünden tüpeňlendi


16-nji ýanwar gijesi Sankt-Peterburgyň Sofiýskaýa köçesinde ýerli ýaşaýjy bilen bir türkmenistanlynyň arasynda dawa döräp, olaryň soňkusy ýaňagyndan ýaralandy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Piter TV saýtyna salgylanyp habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, 41 ýaşly türkmenistanly Janalidze adyndaky Ylmy-barlag institutynyň Tiz kömek hassahanasyna ýerleşdirildi.

“Newskiye Nowosti” neşiri bu wakanyň wideo ýazgysyny çap etdi. Wideoýazgydan görnüşine görä, hüjümçi ony söweş oky bilen däl-de, signal oky bilen tüpeňläpdir.

Atyjy 46 ýaşly, işsiz Andreý M. diýlip tanadylan adam bolup çykdy. Ol 17-nji ýanwarda ol tussag edildi we wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirildi. Habarda oňa garşy bozgaklyk aýyplamasy esasynda kazyýet işiniň açylandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG