Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý, COVID sebäpli, gyşky Olimpiýa oýunlaryna bilet satmagy bes edýär


Hytaý, koronawirus pandemiýasy sebäpli, 2022-nji ýylda geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary üçin köpçülige bilet satmagyny bes etdi diýip, guramaçylar 17-nji ýanwarda habar berdi.

Resmi maglumata görä, oýunlara diňe belli bir möçberdäki tomaşaçy çagyrylar we olar, keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen berk COVID-19 düzgünlerini berjaý etmeli bolarlar.

Pekin eýýäm 4-nji fewralda başlanjak Olimpiýa oýunlaryna tomaşa etmek üçin ýurduň daşyndan geljek janköýerlere rugsat berilmejekdigini habar berdi.

Türgenler we beýleki oýna gatnaşyjylar berk saglyk düzgünlerine eýermeli we diňe sport meýdançalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda bolmak we çärelere degişli ulag hyzmatlaryndan peýdalanmak bilen çäklenmeli.

Omikron görnüşi sebäpli ýüze çykan wirus ýokuşmalary belli bir derejede şübhe döreden hem bolsa, Hytaý “nol COVID” diýilýän syýasatyna berk ýapyşmagyny dowam etdirýär.

Pekin ýokary geçişli omikron görnüşiniň ilkinji ýagdaýyny 15-nji ýanwarda habar berdi.

XS
SM
MD
LG