Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň gümrük gullugynyň başlygy korrupsiýada aýyplanýar


Adilet Kubanyçbekow

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti 17-nji ýanwarda Gyrgyzystanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Adilet Kubanyçbekowyň korrupsiýa gatnaşmakda güman edilip tussag edilendigini habar berdi.

Aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, gümrük gullugyndaky giň gerimli korrupsiýa barada maglumat alyndy. Habarda bu korrupsiýa döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň we gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşandygy aýdylýar.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň aýtmagyna görä, edaranyň ýolbaşçylary haryt import edýän hususy kompaniýalaryň bähbitlerini öňe sürüp, olar üçin amatly şertleri döredipdir we, para almak bilen, geçirilýän harytlary gümrük gözegçiliginden boşadypdyr.

Gümrük gullugynyň başlygy Adilet Kubanyçbekow 17-nji ýanwarda tussag edilip, wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirildi.

Onuň garşysyna "Korrupsiýa" maddasyna laýyklykda jenaýat işi gozgaldy diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG